Tennis boýunça zenanlaryň arasynda Hytaýyň Çenzen şäherinde geçirilen möwsümiň jemleýji ýaryşy “WTA Finals”-da awstraliýaly Eşli Barti çempion boldy. Sanawyň birinji belgilisi Barti finalda ukrainaly Elina Switolinany 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňdi. 23 ýaşly Barti ilkinji gezek bu ýaryşda ýeňiş gazanyp, şu ýylky 4-nji, karýerasyndaky 7-nji kubogyny asmana göterdi. “WTA Finals” bäsleşigi şu ýyl 49-njy sapar geçirilip, umumy baýrak gaznasy 14 million dollara deň bolan ýaryşa öňdäki 8 tennisçi – Eşli Barti, Karolina Plişkowa, Simona Halep, Petra Kwitowa, Belinda Bençiç, Elina Switolina, Kiki Bertens hem-de Sofiýa Kern dagy gatnaşdy. Naomi Osaka bilen Bianka Andreesku şikesleri sebäpli, 1 duşuşykdan soň, ýaryşdan çykmaly boldy. Ýaryşda jübütleriň arasynda wengriýaly Timea Baboş bilen fransiýaly Kristina Mladenowiç ýeňiş gazandy.