Möw­sü­miň 9-njy we iň soň­ky “Mas­ters” (Us­sat­lar) ýa­ry­şy bo­lan “Pa­riž Mas­ters” ten­nis bäs­le­şi­gin­de ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 1 sa­gat 5 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da ka­na­da­ly ten­nis­çi De­nis Şa­po­wa­low­dan 6:3 we 6:4 ha­sap­lar bi­len üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, No­wak Jo­ko­wiç “Pa­riž Mas­ters” ýa­ry­şyn­da 5-nji ge­zek çem­pi­on bol­dy. Bu onuň şu möw­süm­de “Mad­rid Açyk­dan” soň, 2-nji “Mas­ters” çem­pi­on­ly­gy­dyr. Kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 34-nji “Mas­ters” ku­bo­gy­ny eýe­län Jo­ko­wiç bu ugur­da 35 çem­pi­on­ly­gy bo­lan Ra­fa­el Na­dal­dan soň 2-nji orun­da bar­ýar. Bu ýe­ňiş 32 ýaş­ly Jo­ko­wi­çiň 77-nji ATP çem­pi­on­ly­gy­dyr.