Dün­ýä­de ra­ýat awia­si­ýa gul­luk­la­ry­na de­giş­li uçar­la­ry ön­dür­ýän Fran­si­ýa­nyň bel­li “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ABŞ-nyň “Boeing” şe­re­ke­ti­niň ara­syn­da öza­ra bäs­le­şik bar­ha gy­zyş­ýar. “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy gys­ga wag­tyň için­de ra­ýat uçar­la­ry­nyň ba­za­ryn­da öň­de­ba­ry­jy­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Onuň ön­dür­ýän uçar­la­ry ra­hat­ly­gy hem-de içi­niň giň­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Go­laý­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Farn­bo­ro şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra ser­gi­sin­de “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy 35 mil­liard dol­lar­lyk uçar sar­gyt al­dy. Onuň esa­sy bäs­de­şi “Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň bu ugur­da­ky gör­ke­zi­ji­si 26,8 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy.
Şeý­le hem şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri “Air­bus” kom­pa­ni­ýa­sy 380 sa­ny uçar ön­dür­mek ba­bat­da sar­gyt al­dy. “Boeing”-iň sar­gyt­la­ry­nyň sa­ny 321-e deň bol­dy.
Lon­don şä­he­ri­niň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Farn­bo­ro şä­he­rin­de her 2 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýän ser­gi­de Ma­laý­zi­ýa­nyň “Ai­rA­sia” awia­si­ýa gul­lu­gy je­mi ba­ha­sy 12 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­ýan “Air­bus-321” ky­sym­ly uçar­dan 100 sa­ny­sy­ny sar­gyt et­di.
“Boeing” kom­pa­ni­ýa­sy öz ge­ze­gin­de Hy­ta­ýyň “Dong­hai Air­li­nes” awia­si­ýa şe­re­ke­ti bi­len 25 sa­ny “Boeing-737 Max8” we 5 sa­ny “Boeing-787-9 Dream­li­ner” uça­ry­ny sa­tyn al­mak ba­ra­da öza­ra yla­la­şy­ga gol çe­kiş­di. Bu ge­le­şi­giň ba­ha­sy 4,1 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy.