Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­dan gol ge­çir­män gaý­dan ýe­ke-täk to­par bo­lan Uk­rai­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si bel­li bol­dy. Bäs­le­şik­den soň, işi­ni taş­lan Mi­hai­lo Fo­men­ko­nyň or­nu­na onuň kö­mek­çi­si, uk­ra­in fut­bo­ly­nyň ägirt­le­rin­den, ozalky meş­hur hü­jüm­çi, 39 ýaş­ly And­reý Şew­çen­ko bel­len­di. Ýaş tä­lim­çä “Mi­lan­da” köp ýyl­lap kö­mek­çi tä­lim­çi bolan Mau­ro Tas­sot­ti, And­rea Mal­de­ra, baş­ga bir uk­ra­in ýyl­dy­zy Ser­geý Reb­row hem-de Ra­ul Ri­an­ço da­gy ýar­dam be­rer. Il­kin­ji ge­zek tä­lim­çi­li­ge ädim äden Şew­çen­ko 2018-nji ýyl­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň ahy­ry­na çen­li de­giş­li şert­na­ma bag­laş­dy. 2012-nji ýyl­da fut­bol bi­len hoş­la­şan Şe­wa mil­li ýy­gyn­dy­da 111 du­şu­şyk ge­çi­rip, 48 go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy (re­kor­da deň). “Di­na­mo Ki­ýew”, “Mi­lan” we “Çel­si” klub­la­ryn­da oý­nan Şew­çen­ko­nyň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki il­kin­ji sy­na­gy 5-nji sent­ýabr­da Is­lan­di­ýa­nyň gar­şy­sy­na bo­lar. Uk­rai­na­nyň ýy­gyn­dy­sy Rus­si­ýa­da­ky Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ryn­da Is­lan­di­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Hor­wa­ti­ýa­nyň, Ko­so­wo­nyň hem-de Finl­ýan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len güýç sy­na­ny­şar.
Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nan Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çär­ýek fi­nal­da Ger­ma­ni­ýa­dan as­gyn ge­len Ita­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da An­to­nio Kon­te­niň “Çel­si­niň” tä­lim­çi­si bol­ma­gyn­dan soň, or­nu­na Ji­am­pie­ro Wen­tu­ra we­zi­pä bel­len­di. 68 ýaş­ly tä­lim­çi öňü­miz­dä­ki 2 ýyl, ýag­ny Rus­si­ýa­da ge­çi­ril­jek Dün­ýä Ku­bo­gy ta­mam­lan­ýan­ça, Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­na tä­lim be­rer. Onuň her ýy­ly üçin 1,3 mil­li­on ýew­ro hak al­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Tä­lim­çi­lik ýo­lun­da “Leç­çe”, “Samp­do­ria”, “Na­po­li”, “Ka­lia­ri”, “Udi­ne­ze”, “Ba­ri” ýa­ly klub­lar­da iş­län Wen­tu­ra 2011/12 möw­sü­min­de “To­ri­no­ny” ýo­ka­ry li­ga çy­ka­ryp­dy. Şon­dan bä­ri-de bu to­par­da iş­läp gel­ýän us­sat tä­lim­çi ge­çen aý­da “To­ri­no” bi­len ýo­lu­ny aý­ryp­dy.
Il­ki Dün­ýä Ku­bo­gyn­da, soňam Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly ne­ti­je gör­ke­zip bil­me­dik, 2-sin­de hem çär­ýek fi­nal­dan yzy­na gaý­dan Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da tä­lim­çi Mark Wil­mots we­zi­pe­sin­den bo­şa­dyl­dy. 2012-nji ýyl­da bu we­zi­pä bel­le­nen 47 ýaş­ly Wil­mot­syň döw­rün­de Bel­gi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 51 oýun­da 34 gezek ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol tä­lim­çi bo­lan­da, to­par 54-nji orun­da bo­lup, hä­zir­ki wagt­da we­lin, ol FIFA-nyň sanawynda 2-nji ha­tar­da bar­ýar. Bu we­zi­pe­de iş­lä­ni üçin örän şat­dy­gy­ny, şol se­bäp­li-de gol­daw be­ren hem­mä sag­bol­sun aýd­ýan­dy­gy bel­läp ge­çen Wil­mot­syň 2018-nji ýy­la çen­li şert­na­ma­sy bar­dy. Ýur­duň fut­bol fe­de­ra­si­ýa­sy Wil­mot­syň or­nu­na bel­len­jek tä­lim­çi­niň öňü­miz­dä­ki gün­ler­de aýan bol­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­ny şow­suz ta­mam­lan Ru­my­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­da tä­lim­çi­lik we­zi­pe­si­ne An­hel Ior­de­nes­ku­nyň or­nu­na ger­ma­ni­ýa­ly Kris­tof Da­um bel­len­di. 62 ýaş­ly Da­um 2 ýy­la ni­ýet­le­nen yla­la­şyk ga­zan­dy. Hä­zi­re çen­li “Köln”, “Ştut­gart”, “Be­şik­taş”, “Ba­ýer”, “Aust­ria Wi­en”, “Fe­ner­bah­çe”, “Aýnt­raht”, “Klub Brýug­ge”, “Bur­sas­por” ýa­ly klub­lar­da iş­län Da­um il­kin­ji ge­zek mil­li to­pa­ra tä­lim be­rer. Ru­my­ni­ýa­nyň mil­li to­pa­ry ozal­ky tä­lim­çi­si Ior­de­nes­ku­nyň tä­lim­çi­lik eden 2 ýyl­lyk döw­rün­de 17 oýun­da 6 ýe­ňiş, 8 deň­lik ga­zan­dy.
Yk­ly­myň bi­rin­ji­li­gi­ni al­mak ug­run­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da pes ne­ti­je gör­ke­zen Çe­hi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň tä­ze tä­lim­çi­si Ka­rol Ýa­ro­lim bol­dy. Pa­wel Wrba­nyň or­nu­na bel­le­nen 59 ýaş­ly tä­lim­çi 2 ýyl­lyk ge­le­şi­ge gol çek­di. Tej­ri­be­li fut­bol hü­när­me­ni “Mla­da Bo­les­law” to­pa­ryn­da iş­le­ýär­di. Ol 2008-nji we 2009-njy ýyl­lar­da “Sla­wia Pra­ga­ny” çem­pi­on edip­di.
Ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Por­tu­ga­li­ýa­ny Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny eden tä­lim­çi Fer­nan­do San­to­syň şert­na­ma­sy­nyň möh­le­ti uzal­dyl­dy. 61 ýaş­ly tä­lim­çi ýe­ne-de 4 ýyl­lap to­pa­ra tä­lim be­rer. Ol 2014-nji ýyl­da bu we­zi­pä bel­le­nip­di.