Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşine önjeýli goşant goşýar. Elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli baha bilen ugradylmagy, durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, lukmançylyk we bilim edaralarynyň gurulmagy, owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim berilmegi we goňşy ýurduň ilatyna ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz bu gezek Owganystana kuwwatly transformatory ynsanperwer kömek hökmünde bermek baradaky Karara gol çekdi. Güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwatlylygy bolsa 125 MWA bolan döwrebap transformator dostlukly owgan halkyna ýetiriler. Owganystana indi ençeme ýyl bäri ynsanperwerlik kömegini berip gelýän ýurdumyz şu ýylyň tomsunda hem Ahal welaýatynda gurlup ulanylmaga berlen tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda öndürilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystana ugradyldy.
Oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, goňşy döwletdäki ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyny esasy ugur edinýän ýurdumyz Owganystanyň ykdysadyýetiniň we durmuş düzüminiň dikeldilmegine gönükdirilen anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Şeýle hem Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň we tutuş sebitiň abadançylygyna gönükdirilen bu energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.
Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem ähmiýetli bolup durýar. Bu ugurda bolsa ägirt uly mümkinçilikler bar. Bu babatda-da ýurdumyz goňşy Owganystana öz önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik döredýär. Türkmen döwletiniň hasabyna bu ýurtda birnäçe ulag pudagyna degişli taslamalar durmuşa geçirildi. Owganystanyň Turgundy bekedine çenli uzynlygy 13 kilometre deň bolan demir ýoluň durky täzelendi. Bu taslama Owganystanda öndürilýän önümleri halkara bazarlaryna çykarmaga, şeýle hem bu ýurda amatly ýol bilen, şol sanda Hazaryň üsti bilen daşary ýurtlardan harytlaryň getirilmegine mümkinçilik döretdi. Bu ulag geçelgesi Owganystany Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty bilen birleşdirip, deňziň üsti bilen Azerbaýjana, Gruziýa, Türkiýä we Ýewropa döwletlerine çykmaga oňyn şertleri emele getirdi.