Häzirki döwürde ilatyň köp bölegi oba ýerlerinden şäherlere ýerleşýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenleri dünýäniň dürli künjeginde şäher we oba ilatynyň ýagdaýy barada maglumat taýýarladylar. Şol maglumatlaryň esasynda “Business Insider” internet neşiri ilatynyň köp bölegi bir şähere jemlenen ýurtlaryň sanawyny mälim etdi. Bu sanawdaky ýurtlaryň köpüsiniň ilaty onçakly köp däl. Sanawdaky ilkinji onluga girýän ýurtlar barada maglumat bermegi makul bildik.
1Kuweýt: Arap ýurdy bolan Kuweýt döwletiniň paýtagty El-Kuweýt şäherinde ilatynyň 72,5 göterimi, ýagny 3 million 52 müň adam ýaşaýar. Ýurduň jemi ilatynyň sany 4 million 621 müňe deňdir.
2Jibuti: Gündogar Afrika sebitiniň Jibuti ýurdunda 974 müň adam ýaşaýar. Ýurduň adybir paýtagty Jibuti şäherinde 569 müň adam ýaşap, ilatynyň 58,4 göterimine deňdir.
3Urugwaý: Günorta Amerikada ýerleşýän Urugwaýda 3 million 462 müň adam ýaşaýar. Ilatyň 1 million 745 müňüsi paýtagt Montewideo şäherinde jemlenendir. Bu görkeziji jemi ilatyň 50,4 göterimine deňdir.
4Mongoliýa: Aziýa sebitinde ýerleşýän Mongoliýanyň 3 million 225 müň ilaty bar. Onuň 48,2 göterimi ýa-da 1 million 553 müňüsi, paýtagty Ulan-Bator şäherinde ýaşaýar.
5Ysraýyl: 8 million 519 müň ilatly bu ýurduň ilatynyň 48,1 göterimi, ýagny 4 million 97 müňüsi, paýtagty Tel-Awiw şäherinde ýaşaýar.
6Paragwaý: Ýurduň paýtagty Asunson şäherinde 3 million 279 müň adam ýaşaýar. Günorta Amerikanyň merkezindäki 7 million 45 müň ilatly Paragwaýyň ilatynyň 46,5 göterimi paýtagtda ýaşaýar.
7 Panama: Ýurduň paýtagty Panama-Siti şäherinde 1 million 822 müň adam ýaşaýar. Merkezi Amerikanyň 4 million 246 müň ilatly ýurdy bolan Panamanyň ilatynyň 42,9 göterimi paýtagtda ýaşaýar.
8Kongo: Brazzawil şäherinde ýurduň jemi ilatynyň 42,9 göterimi, ýagny 2 million 308 müň adam ýaşaýar. Merkezi Afrikada ýerleşýän Kongonyň jemi ilatynyň sany 5 million 381 müňe deňdir.
9Trinidad we Tobago: Karib deňzi sebitinde ýerleşýän ýurduň paýtagty Port-of-Speýn şäherinde 544 müň adam ýaşap, bu görkeziji ýurduň jemi ilatynyň 39 göterimine barabardyr. Trinidad we Tobagoda 1 million 395 müň adam ýaşaýar.
10Gabon: Merkezi Afrikada ýerleşýän bu ýurduň paýtagty Librewilde 824 müň adam ýaşaýar. Ol hem ýurduň jemi ilatynyň 37,9 göterimine deňdir. Ýurduň jemi ilaty 2 million 173 müň adama deňdir.
Rahmangeldi POSAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.