12-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Milli söwda merkezinde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän nebit-gaz syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” atly şygar astynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigi “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Nebit-gaz” gazetiniň redaksiýasy, “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasy bilelikde guradylar. Dabarada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň “Nebitgazhyzmat” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň “Oguzlar” orkestri hem-de aýdymçylar topary çykyş etdiler. Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 3 sany üçünji, 3 sany ikinji, 3 sany hem birinji orunlara mynasyp bolan ýeňijiler yglan edildi. Ýeňijilere Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar hem-de owadan gül desseleri gowşuryldy. Ýeňijiler öz ýürek buýsançlaryny beýan edip, hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.