Be­la­ru­suň paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len “Lis­to­pad” – Minsk hal­ka­ra film fes­ti­wa­ly ta­mam­lan­dy. 26-njy ge­zek ge­çi­ri­len bu hal­ka­ra çä­re­de baş baý­ra­ga – “Al­tyn Lis­to­pad” baý­ra­gy­na uk­rai­na­ly re­žiss­ýor Wa­len­tin Was­ýa­no­wi­çiň “At­lan­ti­da” fil­mi mynasyp gö­rül­di. Bir hep­de­läp do­wam eden fes­ti­wal­da on­lar­ça film gör­ke­zil­di. “Сor­pus Сhris­ti” fil­mi­ni su­ra­ta dü­şü­ren pol­şa­ly Ýan Kor­mu­s iň go­wy re­žiss­ýor baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Iň go­wy akt­ýor we akt­ri­sa baý­rak­la­ry­na-da de­giş­li­lik­de, “Soň biz tans et­dik” fil­min­dä­ki keş­bi üçin Le­wan Gel­ba­hia­ni hem-de “Dem alyp-ber­mek” fil­mi­niň ýyl­dy­zy Sa­lo­me De­mu­ri­ýa my­na­syp bol­dy. Hy­taý­ly Ýan Sun bi­len S. Leo Çia­nyň bi­le­lik­de su­ra­ta dü­şü­ren “Bi­ziň wagt ma­şy­ny­myz” at­ly ek­ran ese­ri iň go­wy do­ku­men­tal film diý­lip saý­lan­dy. Bu­lar­dan baş­ga-da, fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de ýe­ne-de bir­nä­çe ugur­lar bo­ýun­ça baý­rak­lar gow­şu­ryl­dy. Bu fes­ti­wa­la Oguzhan adyn­da­ky “Türkmenfilm” bir­le­şi­gin­den ýurdumyzyň we­ki­li­ýeti hem myh­man hök­mün­de gat­naş­dy.

Gur­ban­je­mal Ba­ty­rowA,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.