Beýik Britaniýanyň iň gadymy hem-de iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Kembrij uniwersitetiniň taýýarlaýan sözlügi esasynda 2019-njy ýylyň sözi mälim edildi. Ol “Upcycling” sözi boldy. Bu söz – “köne zatlary gaýtadan işlemek arkaly täze önümleri öndürmek” ýa-da “zatlary gaýtadan ulanmak” diýen manylary berýär.
Hut şu söz soňky döwürde has giňden ulanylyp başlandy. Kembrij uniwersitetiniň sözlüklerinden peýdalanýanlaryň arasynda geçirilen pikir soraşmada “Upcycling” sözi öňe saýlandy. Bu söz sözlükde 2011-nji ýylda peýda boldy, soňky 8 ýylyň dowamynda bu sözi gözläp tapmagyň gerimi 181 göterim artdy.
Kembrij sözlükleriniň neşirýat bölüminiň ýolbaşçysy Wendalin Nikols “Upcycling” sözüniň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wakalara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin has köp ulanylyp başlanandygyny mälim etdi.
– Bu sözüň özi däl-de, onuň manysy hem-de jemgyýetçilige berýän pikiri has köp ünsi çekýär. Gaýtadan işlemek ýagdaýy üýtgetmek boýunça anyk netijedir – diýip, Wendalin Nikols beýanat berdi. “Ýylyň sözi” derejesine eýe bolmak üçin ekologiýa bilen baglanyşykly beýleki sözler hem dalaşgär boldy.