Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň işi­niň iler­le­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ýur­duň döw­let eda­ra­la­ry­dyr kom­pa­ni­ýa­la­ry mag­lu­mat ge­çi­ri­ji­lik ul­ga­my­nyň hä­zir­ki za­man ugur­la­ry­ny çalt dep­gin­de öz­leş­dir­mek üçin ta­gal­la ed­ýär­ler. 5G ul­ga­my­nyň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny bel­li bir de­re­je­de ulan­ma­ga do­ly taý­ýar eden hy­taý­ly hü­när­men­ler 6G ul­ga­my­ny iş­läp düz­mä­ge gi­riş­di­ler. Ýur­duň Ylym we teh­no­lo­gi­ýa mi­nistr­li­gi­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, iki to­par bu ul­ga­myň üs­tün­de iş­le­mä­ge baş­la­dy. Bi­rin­ji to­par­da Hy­ta­ýyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri jem­len­di, ikin­ji to­par bol­sa, 37 uni­wer­si­te­tiň, bar­lag ins­ti­tut­la­ry­nyň we teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hü­när­men­le­rin­den yba­rat bol­dy. Her to­par Hy­ta­ýyň Ylym we teh­no­lo­gi­ýa mi­nistr­li­gi­ne öz tek­li­bi­ni hö­dür­lär.

Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de köp san­ly adam 4G ul­ga­myn­dan giň­den peý­da­lan­ýar. 5G ul­ga­my bol­sa, kem-kem­den dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ara­syn­a ýaýrap baş­la­dy. Köp san­ly ýurt­da bu babatda de­giş­li sy­nag iş­le­ri ge­çi­ril­di. Hy­taýda, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­synda we ABŞ-da 5G ul­ga­my or­naş­dy­ryl­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýanyň we Ýew­ro­pa­nyň kä­bir ýurt­la­ryn­yň bir­nä­çe iri şä­her­lerin­de 5G ul­ga­my işe gi­ri­zil­di.

Şemşat GOŞNYÝAZOWA,

S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.