Hä­zir­ki wagt­da Ýa­po­ni­ýa­nyň “Wis­sel Ko­be” to­pa­ryn­da oý­na­ýan is­pa­ni­ýa­ly hü­jüm­çi Da­wid Wil­la möw­sü­miň ahy­ryn­da fut­bo­ly taş­la­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 37 ýa­şyn­da­ky hü­jüm­çi “Sa­ra­go­sa­da” fut­bo­la baş­lap, soňlugy bilen “Wa­len­si­ýa”, “Bar­se­lo­na”, “At­le­ti­ko”, “Nýu Ýork Si­ti, “Mel­burn Si­ti” klub­la­ry­nyň köý­nek­çe­si­ni geý­di. Wil­la Is­pa­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bi­len Ýew­ro­pa­nyň hem-de Dün­ýä­niň çem­pio­ny bol­dy.

De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň çem­pio­na­ty MLS-da 2019-njy ýy­lyň çem­pio­ny bel­li bol­dy. “Sietl Sa­un­ders” Sietl şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da Ka­na­da­nyň “To­ron­to” to­pa­ryn­dan 3–1 üs­tün çyk­dy (Lir­dam 57, Rod­ri­ges 76, Rui­di­az 90 — Al­ti­dor 90+3). “Sietl Sa­un­ders” MLS-iň ta­ry­hyn­da 2016-njy ýyl­dan soň, 2-nji ge­zek çem­pi­on bol­dy.

“Re­al Mad­rid” klu­bu­nyň hor­wa­ti­ýa­ly oýun­çy­sy Lu­ka Mod­riç “Al­tyn aýak” (Gol­den Fo­ot) baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Modriç 28 ýaş­dan uly bo­lan fut­bol­çy­la­ra Mo­na­ko şa­ly­gy ta­ra­pyn­dan gow­şu­ryl­ýan bu baý­rak ug­run­da Ro­nal­do, Mes­si, Ki­el­li­ni, Pi­ke, Ra­mos, Ague­ro, T. Sil­wa, Ru­ni, Le­wan­dows­ki ýa­ly fut­bol­çy­lar­dan öňe saý­lan­dy.

Su­da­me­ri­ka­no ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da (Gü­nor­ta Ame­ri­ka) Ek­wa­do­ryň “In­de­pen­di­en­te del Wal­le” to­pa­ry çem­pi­on bol­dy. Olar Pa­rag­waý­da oý­na­lan fi­nal­da Ar­gen­ti­na­nyň “Ko­lon” to­pa­ry­ny 3–1 ýe­ňip (Le­on 24, San­çes 41, Da­ýo­me 90+5 — Oli­we­ra 88), bu ýa­ryş­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy.

AFK Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da fi­na­lyň 1-nji du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. “Al-Hi­lal” (Sa­ud Ara­bys­ta­ny) topary öz meý­dan­ça­syn­da “Ura­wa Red Daý­monds” (Ýa­po­ni­ýa) to­pa­ry­ny And­re Ka­ril­lo­nyň 60-njy mi­nut­da­ky go­ly bi­len 1–0 ut­dy. Jo­gap oý­ny 24-nji no­ýabr­da Ýa­po­ni­ýa­da oý­na­lar.