Ame­ri­kan bas­ket­bol li­ga­sy­nyň (NBA) bel­li ýyl­dyz­la­ryn­dan Dweýn Weýd kar­ýe­ra­sy­ny “Çi­kago Bulls” to­pa­ryn­da do­wam et­di­rer. 34 ýaş­ly bas­ket­bol­çy tä­ze klu­by bi­len 2 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Ol 2 ýy­lyň do­wa­myn­da azyn­dan 47,5 mil­li­on dol­lar hak alar. Weýd özü­niň to­pa­ry­ny üýt­get­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly: — 13 ýyl­dan soň, şeý­le ne­ti­jä gel­mek ga­ty bir aň­sa­dam däl. “Çi­ka­go Bulls” bi­len tä­ze ýo­lag­çy­ly­ga çyk­ýa­ryn. Maş­ga­lam we özüm üçin iň go­wu­sy şu­dur di­ýip pi­kir ed­ýä­rin. Ça­ga­kam “Bull­suň” oý­nu­na köp to­ma­şa ed­ýär­dim. Ma­ýa­mi şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry­na, to­pa­ryň jan­kö­ýer­le­ri­ne ma­ňa be­ren uly gol­daw­la­ry üçin köp-köp sag­bol­sun aýd­ýa­ryn — diý­di. 2003-nji ýyl­da “Ma­ýa­mi Hit­de” bas­ket­bo­la baş­lan Dweýn Weýd 2006-njy, 2012-nji we 2013-nji ýyl­lar­da to­pa­ry bi­len NBA-nyň çem­pio­ny bo­lup­dy. Ol 2006-njy ýyl­da fi­nal oýun­la­ry­nyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy saý­la­nyp­dy. 2009-njy ýyl­da-da ada­ty möw­süm­de iň ne­ti­je­li oýun­çy bo­lan Weýd 12 sa­par “NBA All-Star” şü­we­le­ňi­ne ça­gy­ryl­dy. Dweýn Weýd kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça hä­zi­re çen­li or­ta­ça 23,7 utuk­lyk, 5,8 asist­lik hem-de 4,8 ri­baund­lyk ne­ti­je gör­kez­di.
Soň­ky ýyl­lar­da şi­ke­si se­bäp­li yzy­gi­der­li öz güý­jün­de oý­nap bil­me­ýän ame­ri­ka­ly bas­ket­bol­çy Der­rik Ro­uz “Çi­ka­go Bulls” to­pa­ryn­dan “Nýu Ýork Nik­se” trans­fer bol­dy. “Nýu Ýork Niks” to­pa­ry Der­rik Rou­zyň or­nu­na “Çi­ka­go Bull­sa” Ho­se Kal­de­ron, Je­ri­an Grant hem-de Ro­bin Lo­pe­zi, şeý­le-de 2017-nji ýy­lyň draf­tyn­da 2-nji ha­tar­dan baş­la­mak hu­ku­gy­ny be­rer. 2008-nji ýyl­da “Çi­ka­go Bulls­da” pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na baş­lan 27 ýaş­ly Ro­uz 3 ge­zek “NBA All-Sta­ra” saý­lan­dy. Ol 2011-nji ýyl­da ada­ty möw­sü­miň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­len ugur­da ta­pa­wut­la­nyp­dy. Ge­çen möw­süm 66 oýun­da çy­kyş eden Ro­uz ABŞ-nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy bi­len 2010-njy we 2014-nji ýyl­lar­da Dün­ýä ku­bo­gy­ny ga­zan­dy.