NE­BIT­GAZ TOP­LU­MY –
DÜ­ŞE­WÜNT­LI PU­DAK
19-njy no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ne­bit­gaz top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da ne­bit­gaz top­lu­my­nyň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, pu­da­gyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da pu­da­gyň ýol­baş­çy­la­ry ha­sa­bat­lar bi­len çy­kyş et­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da yl­myň hem-de hal­ka­ra tej­ri­bä­niň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, te­bi­gy ga­zyň we ne­bi­tiň ga­zy­lyp al­ny­şy­nyň, ola­ry gaý­ta­dan iş­le­me­giň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň türk­men te­bi­gy ga­zy­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak ba­ra­da­ky ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gaz­hi­mi­ýa­ny ös­dür­mek we “ma­wy ýan­gy­jyň” eks­port edi­li­şi­niň ýaý­baň­lan­dy­ry­lan dü­zü­mi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­ny art­dyr­mak, ne­bi­te hem-de tebigy ga­za baý bo­lan tä­ze meý­dan­ça­la­ry ýü­ze çy­kar­mak we öz­leş­dir­mek ba­ra­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­de go­ýan we­zi­pe­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça iş­ler ta­la­ba­la­ýyk do­wam et­di­ril­ýär.
Ha­sa­bat­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň iri ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek, ola­ra in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň gün­do­ga­ryn­da, Ma­laý gaz kä­nin­de we oňa ýa­na­şyk Tä­ji­baý meý­dan­ça­syn­da üç öl­çeg­li seýs­mo-bar­lag usu­ly ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän göz­leg-bar­lag iş­le­ri, şeý­le hem De­mir­ga­zyk Ço­pan­gu­ýy meý­dan­ça­syn­da aşa­ky gat­lak­la­ry öw­ren­mek we ola­ryň gaz­ly­ly­gy­na ba­ha ber­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän göz­leg-bar­lag iş­le­ri ge­çi­ril­ýär.
Şeý­le hem Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­sy­nyň iler­le­di­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat­lar be­ril­di. Tas­la­ma gat­na­şy­jy döw­let­le­riň de­giş­li dü­züm­le­ri bi­len bi­le­lik­de, ozal­dan bar bo­lan yla­la­şyk­la­ryň üs­tü­ni ýe­tir­mek bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ozal Ow­ga­nys­ta­nyň we Pa­kis­ta­nyň hö­kü­met­le­ri­niň hem-de ka­bul ed­ýän ta­rap­la­ryň ara­syn­da yla­la­şy­gyň Baş şert­le­ri­ne gol çe­kil­di. Hä­zir bol­sa bu yla­la­şy­gyň ga­zy üs­ta­şyr ge­çir­mä­ge, ak­dyr­ma­ga de­giş­li düz­gün­le­ri­niň şert­le­ri yla­la­şyl­ýar. Bu iş­le­ri gel­jek ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, pu­da­gyň ýol­baş­çy­la­ry­ny ne­bit­gaz top­lu­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­ma­gy üp­jün et­mä­ge, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga we onuň köp gir­de­ji ge­tir­me­gi­ni ga­zan­ma­ga, il­kin­ji no­bat­da, üns be­ril­me­li­di­gini bel­läp, bir­nä­çe tab­şy­ryk­lar ber­di.

SE­NA­GAT WE KOM­MU­NI­KA­SI­ÝA
TOP­LU­MY­NY SAZ­LA­ŞYK­LY ÖS­DÜR­MEK
20-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz se­na­gat – kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­myn­da bar bo­lan çö­zül­me­li me­se­le­ler hem-de top­lu­myň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de san­ly ul­ga­my ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň dü­zü­min­dä­ki agent­lik­ler­de de­giş­li me­ýil­na­ma­lar taý­ýar­la­nyl­dy hem-de teh­ni­ki şert­ler iş­le­nip dü­zül­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, Türk­me­nis­ta­ny yk­lym­la­ýyn iri ulag-lo­gis­tik mer­ke­zi­ne, Ýew­ro­pa­ny we Azi­ýa­ny bag­la­nyş­dyr­ýan mö­hüm çat­ry­ga öwür­mek ug­run­da de­giş­li agent­lik­ler ta­ra­pyn­dan giň ge­rim­li iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di.
Mas­la­hat­da ber­len ha­sa­bat­la­ra la­ýyk­lyk­da, ila­ty­my­zyň ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, “Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan de­gi­şli iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti iş­jeň­leş­dir­mek ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ryn­dan ugur al­nyp, “Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi ta­ra­pyn­dan Aş­ga­bat şä­he­rin­de, we­la­ýat we et­rap mer­kez­le­ri­ne op­ti­ki sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry çe­ki­lip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek üçin de­giş­li dü­züm taý­ýar edil­di.

Soň­ky ýyl­lar­da top­lum­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri art­dy. Şun­luk­da, ulag-lo­gis­ti­ka hyz­ma­ty­nyň hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri ber­ki­dil­di. Dok­ma, hi­mi­ýa we beý­le­ki se­na­gat pu­dak­la­ryn­da da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek ar­ka­ly ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri ula­nyp, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, eks­por­ta ni­ýet­le­nen, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan ki­çi we or­ta önüm­çi­lik­le­ri ýo­la goý­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Şeý­le hem älem gi­ňiş­li­gin­den Ýe­riň üs­tü­ne gö­zeg­çi­lik ed­ýän tä­ze eme­li hem­ra ul­ga­my­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek, gur­na­mak we älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça teh­ni­ki şert­le­r taý­ýar­la­ny­lyp, de­giş­li iş­le­r ama­la aşy­ryl­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de gül­läp ös­ýän Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny bar­ha art­­ýar. Se­na­gat-kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­la­nan giň ge­rim­li tas­la­ma­lar hem hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, mäh­ri­ban hal­ky­my­zy ýo­ka­ry hil­li önüm­ler we hyz­mat­lar bi­len üp­jün et­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni ös­dür­me­giň giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­dak­la­ry­na uly or­nuň de­giş­li­di­gi­ni bel­läp, top­lu­myň ýol­baş­çy­la­ry­na bir­nä­çe tab­şy­ryk­lary ber­di.

OBA HO­JA­LY­GY – YK­DY­SA­DY­ÝE­TI­MI­ZIŇ
MÖ­HÜM PU­DA­GY
21-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz oba ho­ja­lyk top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da pu­dak­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy­na sel­jer­me be­ril­di, ýer-suw se­riş­de­le­ri­niň ula­ny­ly­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, oba zäh­met­keş­le­ri­niň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.
Ha­sa­bat­lar­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň gel­jek ýyl­da go­wa­ça­nyň ekil­jek meý­dan­la­ry­ny kö­pelt­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp, bu ugur­da ekin meý­dan­la­ry­ny taý­ýar­la­mak, ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da su­wa­ryş su­wy bi­len üp­jün et­mek, ze­rur to­hum, mi­ne­ral dö­kün­le­ri hem-de go­wa­ça meý­dan­la­ryn­da iş­le­dil­jek teh­ni­ka­la­ry we gu­ral­la­ry taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň bi­rin­ji mej­li­sin­de oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri has-da kä­mil­leş­dir­mek, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri döw­re­bap usul­da gu­ra­mak we pu­da­ga hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri giň­den çek­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len çöz­güt­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp hem-de iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, döw­le­ti­mi­ziň oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge we pu­dak­da düýp­li öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­ga uly üns ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Mu­nuň üçin köp möç­ber­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­mak bi­len, pu­da­gyň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin giň ge­rim­li çä­re­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz umu­man, oba ho­ja­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­me­gi, san­ly ul­ga­ma geç­mek bo­ýun­ça iş­le­ri hem ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­gy, ha­syl­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da yl­myň ga­za­nan­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­ma­gy hem-de ekin­le­re hyz­mat et­me­giň ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riniň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gini, şeý­le hem ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň eks­port edil­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça hem ze­rur iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň oba zäh­met­keş­le­ri­niň, äh­li oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­niň pu­da­gy dep­gin­li ös­dür­mek­de öň­de du­ran şu we­zi­pe­le­ri ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ne, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň has ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­gy, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­re my­na­syp go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.