20-nji noýabrda Ýer ýüzüniň çagalarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän möhüm resminamanyň – BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň kabul edilmegine 30 ýyl doldy. Oňa bagyşlanyp, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, hususy pudagyň wekilleri, ÝUNISEF-iň işgärleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri hem-de žurnalistler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Bilim ministri we ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili giriş sözleri bilen çykyş etdiler we çykyşlarynyň dowamynda Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň taryhy barada gysgaça gürrüň bermek bilen, Konwensiýanyň 30 ýyllygynyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kämilleşdirilmegine itergi bermekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Çagalaryň hukuklary bilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň berk baglanyşyklydygy barada hem bellenilip geçildi.
Şeýle-de, çäräniň dowamynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri hem-de Türkmenistandaky çagalaryň arzuwlary we maksatlary şöhlelendirilen wideo-maglumatlary görkezildi.
Çäräniň ahyrynda Türkmenistanda we bütin dünýäde Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýany girizmegiň netijeleri hem-de ähli ýerlerde çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň kämilleşdirilmegini goldamak barada aýdyldy we ÝUNISEF-iň wekilleri bilen çärä gatnaşyjylaryň arasynda sorag-jogap alyşdylar.
30 ýyl mundan ozal, 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýa kabul edildi. Bu konwensiýa adam hukuklary bilen bagly resminamalaryň arasynda ony tassyklan ýurtlaryň sanynyň köplügi bilen aýratyn tapawutlanýar, ýagny Ýer ýüzüniň garaşsyz döwletleriniň hemmesi diýen ýaly bu möhüm konwensiýanyň agzasydyr.