Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň (SPE­KA) bir­nä­çe çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Bu çä­re­ler “SPE­KA gün­le­ri­niň” çäk­le­rin­de gu­ral­dy. Bu mak­sat­na­ma­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän “SPE­KA gün­le­ri” çä­re­le­ri Mer­ke­zi Azi­ýa hem-de se­bit ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da söw­da, ulag hem-de beý­le­ki köp san­ly pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge uly go­şant goş­dy.
“SPE­KA gün­le­ri­niň” açy­ly­şy SPE­KA-nyň dur­nuk­ly ulag, üs­ta­şyr we bir­leş­me bo­ýun­ça Iş to­pa­ry­nyň mej­li­si hem-de söw­da sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li “te­ge­lek sto­ly” bi­len baş­lan­dy. Bu mas­la­hat­lar­da söw­da çä­re­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­mek we söw­da bi­len bag­la­ny­şyk­ly Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na (DÖM) ýet­mek bo­ýun­ça çä­re­le­ri or­naş­dyr­mak üçin mak­sat­na­ma gat­naş­ýan ýurt­la­ryň ara­syn­da tej­ri­be alyş­mak we öza­ra ýar­dam ber­mek, şeý­le hem şu me­se­le we hu­su­sy­ýet­çi­li­giň we­kil­le­ri­niň ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça se­bit stra­te­gi­ýa­sy­na syn be­ril­di.
Söw­da sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li “te­ge­lek sto­la” gat­na­şy­jy­lar SPE­KA ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar hem-de söw­da işi­ni gi­riz­mek, şol san­da ma­ýa go­ýum iş­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri ber­di­ler.

“SPE­KA gün­le­ri­niň” çäk­le­rin­de SPE­KA-nyň Yk­dy­sa­dy fo­ru­my hem-de SPE­KA-nyň Ýol­baş­çy ge­ňe­şi­niň ses­si­ýa­sy hem ge­çi­ril­di. Bu mö­hüm çä­re­ler Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da iş­jeň we ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­da uly ädim bol­dy.
21-nji no­ýabr­da türk­men paý­tag­tyn­da “SPE­KA gün­le­ri” ta­mam­lan­dy. Onuň çäk­le­rin­de iki çä­re – yk­dy­sa­dy fo­ru­myň ikin­ji gü­ni hem-de BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri üçin Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň Ýol­baş­çy ge­ňe­şi­niň on dör­dün­ji ses­si­ýa­sy ge­çi­ril­di. SPE­KA-nyň se­bi­tin­de öza­ra gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak bi­len bag­ly­lyk­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň hu­kuk gu­ral­la­ry­ny, ka­da­la­ry­ny, öl­çeg­le­ri­ni hem-de mak­sat­na­ma­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly söw­da we ulag ul­gam­la­ryn­da bök­denç­lik­le­ri azalt­mak bo­ýun­ça Aş­ga­bat baş­lan­gyç­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi bu gü­nüň esa­sy ne­ti­je­le­ri­niň bi­ri bol­dy.
Bu Mak­sat­na­ma­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak hem-de onuň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şu­lyş­mak mak­sa­dy bi­len, 1998-nji ýyl­da ba­dal­ga alan­dy­gy­ny ýat­lat­ma­ly­dy­rys. Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan, Ow­ga­nys­tan, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Tä­ji­gis­tan we Öz­be­gis­tan SPE­KA ag­za ýurt­lar bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz şu ýyl bu dü­züm­de baş­lyk­lyk et­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, Ýew­ro­pa Yk­dy­sa­dy Ko­mis­si­ýa­sy­na hem-de ES­KA­TO bi­len bag­ly çä­re­le­re umu­my gol­da­wy ber­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň baş­lyk­lyk et­me­gin­de gu­ral­ýan hal­ka­ra hem-de se­bi­ta­ra de­re­je­dä­ki çä­re­ler pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň sak­lan­ma­gy­na, dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne, söw­da, yk­dy­sa­dy, me­de­ni hem-de yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li gi­ňel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Şu ge­zek­ki ge­çi­ri­len çä­re­ler we gel­jek üçin bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­lar mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.