Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýetiniň we teatr sungatynyň ösdürilmegi hem-de giňden wagyz edilmegi babatda alyp barýan irginsiz aladalarynyň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabatda bu ugra degişli köp sanly halkara çäreler we festiwallar geçirilýär. Şu günler ýurdumyzda dowam edýän “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly III halkara festiwaly hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumyna dünýä döwletleriniň 12-sinden, şol sanda Owganystandan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Pakistandan, Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Estoniýadan teatr toparlarynyň 14-si gatnaşýar. Şeýle hem ýurdumyzyň esasy teatr toparlary hem wekilçilik edýärler. Ýurdumyzda döwlet teatrlarynyň 10-sy, şol sanda paýtagtymyzda 6-sy hem-de welaýatlarda 4-si hereket edýär.
“Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly III halkara festiwaly milli we dünýä medeniýetine goşulmaga, bu ugurda giňden tejribe alyşmaga, artistleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda forumyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada döwlet Baştutanymyzyň halkara festiwala gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Milli Liderimiziň Gutlag hatynda bu teatr festiwalynyň doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde, agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda, döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň arasyndaky ruhy-medeni gatnaşyklary giňeltmekde häzirki zaman teatr sungatyny we medeniýetini has-da baýlaşdyrmakda örän uly ähmiýete eýedigi aýratyn bellenilip geçilýär.
Teatr festiwalynyň çäklerinde ýerli we daşary ýurtlaryň teatr ussatlarynyň sahnalary görkezildi. Paýtagtymyzdaky teatrlarda Russiýanyň akademiki ýaşlar teatry, ABŞ-nyň “Theatre simple” teatry, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet satira teatry, Pakistan Yslam Respublikasynyň “Maas Foundation” teatr topary, Gazagystan Respublikasynyň “Žastar” teatry, Stambulyň döwlet teatry, Kiýew akademiki gurjak teatry, Täjigistanyň Döwlet respublikan gurjak teatry ýaly köp sanly daşary ýurtly teatr toparlarynyň görkezen oýunlary uly gyzyklanma döretdi.
23-nji noýabrda Baş drama teatrynyň sahnasynda görkeziljek “Domrul” atly spektakl festiwalyň jemini jemlär. Myhmanlar Aşgabatda bolýan wagty paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdylar, muzeýlere, sergi we söwda-dynç alyş merkezlerine baryp gördüler.
Tawus HOJANEPESOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.