Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ky­my­za hem-de dün­ýä­niň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne yzy­gi­der­li ýe­ti­rip dur­ýan gym­ma­ty eg­sil­me­jek eser­le­ri bag­ty­ýar­lyk döw­rü­mi­ziň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­na öw­rül­ýär. Bu eser­le­ri oka­dy­gyň­ça ata Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des­li­gi, maş­ga­la gym­ma­ty, aja­ýyp gö­zel te­bi­ga­ty­myz, pa­ra­hat, asu­da dur­muş, ýa­şaý­şa bo­lan söý­gi ba­ra­da­ky dü­şün­je­le­ri­miz art­ýar. Bu aja­ýyp eser­le­riň üs­ti bi­len, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz mer­da­na pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan gym­mat­lyk­la­ryň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik­leri dö­ret­di.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň her bir ese­ri çuňňur ma­ny-maz­mu­na ýug­ru­lan­dyr. Ol eser­le­ri okan her bir adam eg­sil­mez ru­hy güý­je eýe bol­ýar. Çün­ki ol dür­dä­ne eser­le­riň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýe­ti örän ýo­ka­ry­dyr. Gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da toý­la­nyl­ýan baý­ram­çy­lyk­lar­da, şan­ly se­ne­ler­de mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­miz özü­niň eser­le­ri­ni hal­ky­my­za sow­gat edip, hal­ky­my­zy be­gen­di­rip dur­ýar. “Türk­me­nis­tan — ro­waç­ly­gyň Wa­ta­ny” ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “At­da we­pa-da bar, sa­pa-da” we “Türk­men ala­ba­ýy” ýa­ly gym­mat­ly ki­tap­la­ry çap­dan çyk­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň, ge­çen eý­ýam­la­ryň we ýur­du­my­zyň şu gü­nü­niň üz­nük­siz ara­bag­lan­yşy­gy­na ýug­ru­lan eser­le­ri türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­ny we me­de­ni mi­ra­sy­ny wa­gyz et­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da ne­şir edi­len bu iki ki­tap geç­mi­şe ser sal­ma­ga, türk­men­le­riň ady äle­me do­lan ahal-te­ke be­dew­le­ri­ne we bel­li ala­baý to­hum it­le­ri­ne hor­mat goý­ma­gy­nyň göz­ba­şy­na dü­şün­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men ala­baý­la­ry­na buý­san­jy­nyň çä­gi ýok. Biz mu­ňa 2017=nji ýylda Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ny­şa­ny, mil­li gym­mat­ly­gy­myz bo­lan türk­men ala­baý it­le­ri­miz dog­ru­syn­da söh­bet aç­ýan “Türk­men ala­ba­ýy” at­ly tä­ze ki­ta­by oka­ny­myz­da has-da göz ýe­tir­dik. Hormatly Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ki­ta­by­nyň baý ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra, tä­sir­li su­rat­la­ra, gy­zyk­ly ro­wa­ýat­la­ra baý­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­men ala­ba­ýy” at­ly ki­ta­by ýaş nes­le bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ki­tap­da­ky gy­zyk­ly ro­wa­ýat­lar, it ha­kyn­da aýt­gy­lar we beý­le­ki mag­lu­mat­lar aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, esa­sy gol­lan­ma bo­lup dur­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň eser­le­ri bi­ziň her bi­ri­mi­ziň ýo­lu­my­za ýag­ty sa­çyp du­ran şam­çy­rag­dyr. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dö­red­ýän eser­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ro­waç­lan­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len asyl­ly iş­le­ri­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gini ala­mat­lan­dyr­ýar. Dür­li ugur­lar bo­ýun­ça düýp­li yl­my iş­le­ri we çe­per eser­le­ri dö­ret­me­gi özü­niň dur­muş ka­da­sy­na öwren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­la­my­nyň as­tyn­dan çyk­ýan il­ha­lar eser­le­ri­niň höw­ri köp bol­sun!

Ak­nur Ham­ra­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.