Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň esa­syn­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, öz­gert­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­ri­niň ba­rşyn­da bu pu­da­ga san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak has mö­hüm bo­lup dur­ýar. Soň­ky dö­wür­de ýur­du­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­na hem-de san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­mek bo­ýun­ça okuw sa­pak­la­rynyň üs­tün­de iş­le­mä­ge aý­ra­tyn uly üns ber­lip baş­lan­dy.
Elekt­ron okuw ki­tap­la­ry­ndan we okuw gol­lan­ma­la­ry­ndan ybarat bolan elekt­ron bi­lim gor­la­ry­nyň uly top­lu­my­ny dö­ret­mek ba­bat­da giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Ýur­du­myz­da elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gi bi­lim ojak­la­ryn­da elekt­ron okal­ga­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne giň müm­kin­çi­lik ber­di. Mek­dep okuw­çy­la­ry we ta­lyp ýaş­lar elekt­ron okal­ga­la­ryn­da öz­le­ri­ne de­giş­li elekt­ron okuw gol­lan­ma­la­ry­ndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar. San­ly bi­lim ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len bi­lim ojak­la­ryn­da äh­li komp­ýu­ter­le­ri bir bi­te­wi to­ra bi­rik­dir­mek iş­le­ri­ni bu ul­ga­myň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar.
Şeý­le hem san­ly bi­lim ul­ga­my bi­lim pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny hem iş­jeň­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry dün­ýä­niň beý­le­ki ýurt­la­ry­nyň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry bi­len häz­ir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň kö­me­gi arkaly öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik al­dy­lar.
Bi­lim ul­ga­my­nyň has-da kä­mil­leş­di­ril­me­gi, ýaş ne­sil­le­riň bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­raýyş­ly, dün­ýä­niň bi­lim-ylym ul­ga­my­nyň ga­za­nan­la­ryn­dan ha­bar­ly, kä­mil hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­megi ug­run­da taýsyz tagallalary ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, be­lent ba­şy aman bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ma­ma­hal Hal­ni­ýa­zo­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň
Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky 1-nji Ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.