Fran­si­ýa­nyň we Finl­ýan­di­ýa­nyň alym­la­ry çow­da­ry we ada­ty bug­daý çö­re­gi­niň içe­ge üçin peý­da­ly ta­rap­la­ry­ny anyk­laş­dyr­mak üçin bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­di. Şol bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä, çow­da­ry çö­re­gi­niň sag­lyk üçin peý­da­ly­dy­gy anyk­lanyl­dy. Onuň gan­da­ky se­ro­to­ni­niň dü­zü­mi­ni we şe­ke­riň ýag­da­ýy­ny ka­da­laş­dyr­ýan­dy­gy mä­lim edil­di.
– Gün­do­gar Finl­ýan­di­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hem-de Fran­si­ýa­nyň düw­nük ke­sel­le­ri­ni öw­ren­ýän hal­ka­ra agent­li­gi­niň alym­la­ry çow­da­ry çö­re­gi­niň äh­mi­ýe­ti­niň uludy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Şol çö­re­giň içe­ge­le­ri ka­da­laş­dyr­ma­ga kö­mek ed­ýän­di­gi mä­lim edil­di – diý­lip, “Na­tu­ral news” ne­şi­rin­de bel­le­nil­ýär. Se­ro­to­nin gor­mo­nynyň esa­sy bö­le­gi içe­ge­de bol­ýar. Şo­nuň üçin, bu gor­mon iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň ka­da­ly bol­ma­gy, süňk­le­riň ber­ke­me­gi hem-de ga­nyň goýulmasynyň öňü­ni al­ma­ga hem kö­mek ed­ýär. Şeý­le hem şäh­diň açyk bol­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Çow­da­ry çö­re­gi wi­ta­min­le­re, şol sanda mag­niý we ka­liý ýa­ly mi­ne­ral­la­ra hem baý­dyr. Mun­dan baş­ga-da, çow­da­ry çö­re­gi­niň do­ýgun­lu­ly­gy hem ýo­ka­ry­dyr. Bu çö­rek adam­la­ryň özü­ni dok duý­ma­gy­na şert dö­red­ýär.