ABŞ-da taý­ýar­la­nan sta­tis­ti­ki mag­lu­ma­ta gö­rä, 2018-2019-njy okuw ýy­lyn­da bu ýurt­da da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ryň sa­ny re­kord de­re­jä ýet­di. Ta­lyp­la­ryň sa­ny 1 mil­li­on 95 müň 299-a deň bol­dy. 2018-nji ýyl­da daşary ýurtly ta­lyp­la­ryň ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne go­şan go­şan­dy 2017=nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 5,5 gö­te­rim ýo­kar­la­nyp, 44,7 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy.
ABŞ-nyň Da­şa­ry iş­le­r mi­nistr­li­gi­niň Bi­lim we me­de­ni­ýet mü­dir­li­gi bi­len Hal­ka­ra bi­lim ins­ti­tu­ty­nyň ýurt­da­ky da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­lar ba­ra­da “Açyk ga­py­lar-2019” be­ýa­na­ty taý­ýar­lan­dy. Şol be­ýa­nat­da­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ABŞ-da soň­ky 4 ýy­lyň do­wa­myn­da hal­ka­ra ta­lyp­la­ryň sa­ny 1 mil­li­on­dan gow­rak bol­dy. Soň­ky 10 ýy­lyň do­wa­myn­da ABŞ-da bi­lim al­mak üçin ge­len da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­la­ryň ara­syn­da Hy­taý bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Hä­zir­ki wagt­da 369 müň­den gow­rak hy­taý­ly ta­lyp bi­lim al­ýar. Bu sa­naw­da Hy­taý­dan soň­ra, de­giş­li­lik­de, Hin­dis­tan (202 müň), Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy (52 müň), Sa­ud Ara­bys­ta­ny (37 müň) we Ka­na­da (26 müň) bar­ýar.

Serdar ALLANOW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.