Fransiýaly işewür we oýlap tapyjy Erik Bekker Şyrmaýy kenar Respublikasynyň (Kot-d’Iwuar) Abidjan şäherinde dynç almak üçin ýüzýän myhmanhana döretdi. Müň inedördül metrden gowrak meýdanda restoran, iki sany uly howuz, dürli agaç we gülleriň ösüp oturan bagy bar. Bu ýüzýän myhmanhananyň esasy aýratynlygy, onda plastik galyndylaryň ulanylmagydyr. Munuň üçin 700 müň sany plastik çüýşe gerek boldy. Häzirki wagtda ýüzýän adanyň plastik galyndylarynyň agramy 200 tonna barabardyr. Bu ýerde Gün panelleri oturdylyp, elektrik togy alynýar.
Bu adada her hepde 100 adam dynç alýar. Geljekde onuň ekologiýa taýdan has arassa bolmagy üçin tagalla ediljekdigi mälim edildi.