Ýewropanyň “EasyJet” awiakompaniýasy ekologiýa peýda bermegi meýilleşdirýär. Kompaniýa howanyň hapalanmagynyň öwezini dolup, bu ugurda dünýäde ilkinji awiakompaniýa bolmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň uçarlarynyň howa goýberýän her bir “СО2” gazynyň öwezini doldurmak üçin degişli işleri alyp barar. Munuň üçin her ýyl 29 million ýewro bölünip berler. Bu maliýe serişdeleri tokaý zolaklaryny döretmek hem-de uçarlara ekologik taýdan arassa ýangyç almak üçin ulanylar. Şeýle hem kompaniýa howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barmak üçin dürli taslamalara gatnaşar. Olaryň hatarynda Hindistanda Gün energiýasynyň ýaýbaňlandyrylmagy, Afrikada suw guýularynyň açylmagy ýaly taslamalar hem bar. Kompaniýanyň bu ugurdaky çykdajylarynyň uçar petekleriniň bahasyna täsirini ýetirmejekdigi mälim edildi. Ýewropanyň Statistika edarasynyň maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde howa goýberilýän hapa gazlaryň 3 göterimi raýat awiasiýasynyň paýyna düşýär.