Gel­jek ýy­lyň 12-nji iýu­nyn­dan 12-nji iýu­ly­na çen­li Ýew­ro­pa­nyň 12 şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­naş­jak 24 ýy­gyn­dy­nyň 20-si bel­li bol­dy. Ga­lan 4 to­par gel­jek ýy­lyň mart aýyn­da ge­çi­ril­jek pleý-off tap­gy­ryn­dan soň bel­li bo­lar. Şun­luk­da, ta­mam­la­nan saý­la­ma tap­gy­ryn­da ýat­dan çyk­ma­jak du­şu­şyk­lar oý­nal­dy. Aý­ra­ty­nam soň­ky 2 tap­gy­ryň oýun­la­ryn­da has güýç­li ýy­gyn­dy­lar gol ge­çir­mek­de bi­ri-bi­rin­den kem gal­ma­dy­lar. Yk­ly­myň öň­de­ba­ry­jy­la­ry gar­şy­daş­la­ry­ny uly ha­sap­lar bi­len ýeň­di.

“A” to­par­ça­da Ang­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy ta­ry­hyn­da­ky 1000-nji du­şu­şy­gyn­da Ga­ra­da­gy 7–0 utup, Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na ýol­lan­ma alyp­dy. Şo­nuň ýa­ly Çe­hi­ýa hem öz meý­dan­ça­syn­da Ko­so­wo­dan 2–1 üs­tün çy­kyp, çem­pio­na­tyň fi­nal­çy­sy bo­lup­dy. To­par­ça­da­ky soň­ky oýun­lar­da Ang­li­ýa myh­man­çy­lyk­da Ko­so­wo­ny Winks, Keýn, Reş­ford we Mo­un­tyň gol­la­ry bi­len 4–0 ýeň­di. Çeh­ler bol­sa, Bol­ga­ri­ýa­dan 1–0 utul­dy.

“B” to­par­ça­da il­ki Lit­wa­ny 6–0, soň­ra Lýuk­sem­bur­gy 2–0 ýe­ňen Ýew­ro­pa­nyň hä­zir­ki çem­pio­ny Por­tu­ga­li­ýa Uk­rai­na­dan soň, 2-nji ýe­ri eýe­läp, 8-nji ge­zek yk­lym ýa­ry­şy­na gat­na­şar. Soň­ky oýun­da 1 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Kris­tia­no Ro­nal­do­nyň mil­li to­par­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 99-a ýet­di.

“C” to­par­ça­da Ger­ma­ni­ýa il­ki Be­la­ru­sy 4–0, soň­ra D. Ir­lan­di­ýa­ny 6–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. 2-nji oýun­da Gnab­ri het-trik et­di. Go­res­ka bol­sa 2 du­şu­şyk­da 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. D. Ir­lan­di­ýa bi­len deň­me-deň oý­nap, li­der­li­gi ne­mes­le­re al­dy­ran gol­land­lar öz meý­dan­ça­syn­da Es­to­ni­ýa­ny 5–0 ut­dy. Du­şu­şyk­da Wiý­nal­dum 3 gol ge­çi­rip, ol soň­ky 6 ýyl­da mil­li to­pa­ryň adyn­dan het-trik eden il­kin­ji oýun­çy bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 13-nji, Gol­lan­di­ýa bol­sa, 10-njy ge­zek Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş eder.

“D” to­par­ça­da 1–2-nji ýer ug­run­da gö­reş soň­ky tap­gyr­la­ra çen­li do­wam edip, Şweý­sa­ri­ýa bi­len Da­ni­ýa Euro 2020-niň we­ki­li bol­dy. Şweý­sa­ri­ýa 5-nji, Da­ni­ýa 9-njy ge­zek çem­pio­na­ta gat­na­şar. To­par­ça­da Gib­ral­tar il­ki Da­ni­ýa­dan 6–0, soň­ra Şweý­sa­ri­ýa­dan 6–1 ýe­ňil­di.

“E” to­par­ça­da Slo­wa­ki­ýa­ny 3–1 utan Hor­wa­ti­ýa 5-nji ge­zek çem­pio­na­ta ýol­lan­ma al­dy. Uel­siň ýy­gyn­dy­sy il­ki Azer­baý­ja­ny Mur we Wil­so­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ut­dy. Olar soň­ky oý­nun­da-da ikin­ji ýer ug­run­da­ky esa­sy bäs­de­şi Weng­ri­ýa­ny Aa­ron Rem­zi­niň gol­la­ry bi­len 2–0 utup, yz­ly-yzy­na 2-nji sa­par fi­nal tap­gy­ry­nyň we­ki­li bol­dy.

“F” to­par­ça­da okt­ýabr aýyn­da çem­pio­na­tyň ker­we­ni­ne gat­naş­jak­la­ryň ha­ta­ry­na go­şu­lan Is­pa­ni­ýa­dan soň, Şwe­si­ýa hem ýol­lan­ma al­ma­gy ba­şar­dy. Ru­my­ni­ýa­ny 2–0, Fa­rer ada­la­ry­ny 3–0 ýe­ňen şwed­ler 7-nji ge­zek çem­pio­nat­da oý­nar. Deňeçerräk to­par­la­ryň çy­kyş ed­ýän “G” to­par­ça­da Pol­şa­dan soň, Awst­ri­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 3-nji ge­zek Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­na gat­na­şar. “H” to­par­ça­da Fran­si­ýa bi­len Tür­ki­ýä­niň ýy­gyn­dy­la­ry de­giş­li­lik­de, 10-njy we 5-nji ge­zek çem­pio­na­ta we­kil­çi­lik eder­ler. “I” to­par­ça­dan gat­naş­jak ýy­gyn­dy­lar — Bel­gi­ýa bi­len Rus­si­ýa okt­ýabr aýyn­da bu hu­ku­ga eýe bo­lup­dy­lar. Ola­ryň öza­ra du­şu­şyk­la­ryn­da ýe­ne-de Bel­gi­ýa 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Soň­ky tap­gyr­da bol­sa, Bel­gi­ýa Kip­ri 6–1, Rus­si­ýa bol­sa San Ma­ri­no­ny 5–0 ut­dy.

FINLÝANDIÝA ILKINJI GEZEK GATNAŞÝAR

“J” to­par­ça­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pio­nat­da çy­kyş et­mek hu­ku­gy­ny ga­za­nan ikin­ji to­par bo­lup­dy. Olar soň­ky tap­gyr­da Er­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 9–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da Ita­li­ýa­nyň adyn­dan Im­mo­bi­le (8, 33), Za­nio­lo (9, 64), Ba­rel­la (29), Ro­man­ýo­li (72), Žor­ži­nio (75 p), Or­so­li­ni (78) hem-de Kie­sa (81) ta­pa­wut­lan­dy. Bu ne­ti­je Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň ta­ry­hyn­da­ky 2-nji iň uly ha­sap­ly ýe­ňiş bol­dy. Şeý­le-de Ro­ber­to Man­çi­niň şä­girt­le­ri bas­syr 10-njy ýeň­şi­ni ga­za­nyp, öz­le­ri­niň 81 ýyl­lyk re­kor­dyny tä­ze­le­di­ler. To­par­ça­dan çy­kan 2-nji to­par Finl­ýan­di­ýa bo­lup, olar Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da il­kin­ji ge­zek çy­kyş eder­ler. Skan­di­naw we­ki­li Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da çy­kyş et­jek 34-nji ýy­gyn­dy bo­lar.