Erkekleriň arasyndaky möwsümiň jemleýji ýaryşy bolan “ATP Finals”-da gresiýaly Stefanos Sisipas ýeňiş gazandy. Londonda geçirilen 50-nji “ATP Finals” ýaryşynyň finalynda 5-nji belgili Stefanos Sisipas bilen 6-njy hatardaky awstriýaly Dominik Tim duşuşdy. 2 sagat 36 minut dowam eden duşuşygyň 1-nji setinde Tim 7:6 ýeňiş gazandy. 2-nji–3-nji setlerde 6:2 we 7:6 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Sisipas ilkinji gezek “ATP Finals”-da ýeňiji boldy. Bu ýeňiş Sisipasyň karýerasyndaky 4-nji çempionlyk bolup, ol 1970-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän “ATP Finals”-da kubogy eýelän ilkinji gresiýaly tennisçi adyny eýeledi. Sisipas ýarym finalda Rojer Federeri 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňipdi. Tim bolsa ýarym finalda Aleksandr Zwerewden 7:5 we 6:3 hasaplar bilen üstün çykypdy.
“ATP Finals”-da jübütleriň arasynda fransiýaly Pier-Hýugo Erber bilen Nikolas Mahu çempion bolup, olar finalda Rawen Klaasen bilen Maýkl Wenusy 2:0 (6:2, 6:4) ýeňdi.