For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň 20-nji bäs­le­şi­gi Bra­zi­li­ýa­da ge­çi­ri­lip, il­kin­ji ha­tar­dan bat alan gol­lan­di­ýa­ly Maks Wers­tap­pen (“Red Bull”) ýe­ňi­ji bol­dy. Ol 71 aý­la­wy 1 sa­gat 33 mi­nut 14,678 se­kuntda ta­mam­lap, şu ýyl­ky 3-nji, kar­ýe­ra­syn­da­ky 8-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Dart­gyn­ly we çe­ke­le­şik­li ge­çen ýa­ryş­da 2-nji ýe­ri fran­si­ýa­ly Pi­er Gas­li (“To­ro Ros­so”) eýe­le­di. Ýa­ry­şy bri­ta­ni­ýa­ly Le­wis Ha­mil­ton (“Mercedes”) 3-nji ha­tar­da ta­mam­la­sa-da, düz­gü­ni bo­zan­ly­gy üçin 5 se­kunt­lyk je­ri­me be­ril­di. Ne­ti­je­de, 3-nji ýe­re is­pa­ni­ýa­ly Kar­los Saýns Ju­ni­or (“McLa­ren Re­nault”) my­na­syp bol­dy. Ha­mil­ton bol­sa, 7-nji ýe­ri eýe­le­di. Çem­pio­ny mun­dan ozal­ky Ame­ri­ka “Gran Pri­sin­de” bel­li bo­lan F1-iň şu möw­süm­dä­ki iň soň­ky ýa­ry­şy 1-nji de­kabr­da Abu Da­bi­de ge­çi­ri­ler.