Moto GP boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşy bolan Germaniýa “Gran Prisinde” “Repsol Honda” toparynyň ispan piloty Mark Markes ýeňiş gazandy. Ol Germaniýanyň Şemnits şäherinde geçirilen 3,7 kilometrlik trassadaky 30 aýlawlyk ýaryşy 47 minut 03,239 sekuntda tamamlady. Ýagyşly howada ilkinji hatardan ýaryşa goşulan Markesi 1-nji aýlawda italiýaly sürüjiler – Walentino Rossi (“Mowistar Ýamaha”) bilen Andrea Dowizioso (“Dukati”) ozmagy başardy. Hatda ol, 11-nji aýlawda trassanyň hem daşyna çykyp, 9-njy orna çenli düşdi. Ýöne soňlugy bilen tijenen ispaniýaly pilot garşydaşlarynyň pit-stopda gijikmeginden soň, 25-nji aýlawda ýene-de iň öňe geçmegiň hötdesinden geldi. Galan aýlawlarda-da ornuny saklan Mark Markes şu möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 27-nji ýeňşini baýram etdi. Ondan 9,8 sekunt hem-de 11,6 sekunt yza galan degişlilikde, “Hondanyň” sürüjisi Kal Krutlow bilen “Dukati” toparyndan Andrea Dowizioso 2–3-nji orunlary eýelediler. Ýaryşda 11-nji basgançakdan bat alan soňky çempion “Mowistar Ýamahanyň” ispaniýaly piloty Horge Lorenzo 15-nji ýere mynasyp boldy.
Bu bäsleşikden soň, sanawyň lideri Mark Markes bilen 2-nji orundaky Horge Lorenzonyň arasyndaky utuk aratapawudy 48-e ýetdi. Markes 170 utuk bilen 1-nji, 122 utukly Lorenzo 2-nji hatarda barýar. 3-nji ýerdäki Walentino Rossiniň 111 utugy bar. Möwsümiň 10-njy bäsleşigi 14-nji awgustda Awstriýada geçiriler.