Hormatly Prezidentimiziň ýokary derejede geçirilýän iri halkara forumlaryna hem-de sebitiň döwlet Baştutanlarynyň bu gezekki konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy Türkmenistanyň howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna goldaw berýändigini nobatdaky gezek tassyklaýar.
…Daşkentiň sammitine gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Özbegistan Respublikasynyň resmi adamlary – Premýer-ministri Abdulla Aripow, daşar işler ministri Abzulaziz Kamilow, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.
Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň, iki döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň çäklerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň işiniň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Onuň soňky mejlisi, şu ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi.
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda energetika ulgamynyň onuň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. 2009-njy ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berlen Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisi özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär. Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça ýylda 25 milliard kub metre çenli kuwwaty bolan gaz geçirijiniň ýene bir ugrunyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Häzirki döwürde ulag ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan-Türkmenistan-Hazar deňzi-Günorta Kawkaz ugry bilen Gara deňze çykmak arkaly Gruziýa, Türkiýä, Rumyniýa we beýleki döwletlere uzaýan ulag geçelgeleri boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygy bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda kuwwatly energetika we ulag düzümini döretmegi, ýöriteleşdirilen halkara guramalary, maliýe düzümleri bilen sebitde we dünýä giňişliginde ygtybarly hem-de utgaşykly tagallalary birleşdirmegi esasy ugur edinýän ýurtlar hökmünde Türkmenistanyň we Özbegistanyň şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalary beýan edildi.
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, hususan-da, üçünji bir ýurda ugratmak üçin niýetlenen gök we miwe önümlerini gaýtadan işlemek babatda dürli görnüşdäki düzümleri döretmegiň mümkinçilikleri hakynda teklipler aýdyldy. Häzirki döwürde bu ugruň ösdürilmegine uly isleg bildirilýär.
Taraplar ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine kanagatlanma bildirdiler. Hususan-da, döredijilik toparlarynyň duşuşyklary yzygiderli guralýar, dürli festiwallar we forumlar geçirilýär. Iki ýurtda Medeniýet hem-de kino günleriniň geçirilmegi ähmiýetli waka hökmünde görkezildi.
MILLI LIDERIMIZE ÝOKARY SYLAG
Soňra iki döwletiň Liderleri maslahatlar zalyna geçdiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” atly derejäni bermek dabarasy boldy.
Binanyň eýwanynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyz hem-de halkymyzyň taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän hem-de özbek diline terjime edilen “Bagtyýarlyk-saglykdan başlanýar”, “Çaý-melhem hem ylham”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Janly rowaýat” atly kitaplaryndan düzülen sergi guraldy. Täze kitaplaryň iki ýurduň iri milli we ylmy kitaphanalarynda möhüm orun eýelejekdigi hem-de olaryň Özbegistanda öz okyjylaryny tapjakdygy gürrüňsizdir.
Bu ýerde guralan dabarany alypbaryjy ýygnananlaryň adyndan ýurtlaryň Liderlerine hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu pursatlaryň Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryhyna aýratyn şanly waka hökmünde girjekdigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz belli döwlet işgäri we syýasatçy bolup durýar. Türkmen halkynyň Lideriniň doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň möhüm derejä çykarylmagyna goşan goşandy barada aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara ylmy toparlaryň arasynda ägirt uly abraýa eýe bolan alym, birnäçe düýpli täzeçil gözleglere esaslanýan hem-de häzirki zaman saglygy goraýyş, derman senagaty ulgamynyň, ykdysadyýetiň, binagärligiň we beýleki pudaklaýyn bilimleriň ösdürilmegine, şeýle hem Merkezi Aziýanyň baý tebigatynyň öwrenilmegine bagyşlanan düýpli ylmy işleriň awtory bolan hormatly Prezidentimize Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň agzalarynyň “Hormatly akademigi” diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüdi kabul edendigi barada aýdyldy.
Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň durmuş ýoly, alyp barýan giň möçberli işi barada gürrüň berip, döwlet Baştutanymyzyň – Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk hem-de ykdysady ylymlaryň doktory, birnäçe belli halkara ylym-bilim merkezleriniň hormatly doktory we professor bolan milli Liderimiziň häzirki zaman ylmyny hem-de bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ägirt uly goşandyny nygtady.
Soňra Özbegistanyň Baştutany Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň görnükli alym we döwlet işgäri, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen derejäni bermek hakyndaky çözgüdini yglan etdi. Bu waka dostlukly ýurduň Baştutanynyň ylmyň dürli ugurlarynyň ösdürilmegi, doganlyk özbek hem-de türkmen halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda edýän ýadawsyz tagallasyna goýulýan hormatyň hem-de onuň ykrarnamasynyň aýdyň nyşanydyr diýip, Prezidenti Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmany bu hormatly at bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra alyp baryjy degişli Karary okady. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Behzot Ýuldaşew döwlet Baştutanymyza hormatly akademigiň lybasyny geýdirdi, hormat nyşanyny we degişli diplomy gowşurdy.
Soňra hormatly Prezidentimize söz berildi. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, özüne Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň “Hormatly akademigi” diýen belent derejäniň berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Türkmenistana goýulýan hormatyň, ýurdumyzyň ylym we bilim babatda ýeten derejesiniň ykrar edilmegi we iki ýurduň halklarynyň dostluk hem-de pugta hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkeýändiginiň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçy düzümine hem-de ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe döwlet işine berlen ýokary baha we hormatly dereje üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, beýik şahyr hem-de akyldar Alişer Nowaýynyň “Adamlara bolan hoşniýetli gatnaşyklaryň hazynasy kime degişli bolsa, şoňa halypalyk hazynasy hem degişlidir” diýen sözlerini okady.
Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat, Özbegistanyň hem-de onuň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly döredijilik üstünliklerini, ylmy ösüşleri we täze açyşlary arzuw etdi.
* * *
Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň barşynda döwrüň talap edýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, häzirki wagtda munuň üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.