Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministri, şeýle hem BAE-niň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň, Dubaý şäherinde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsuly Y.Amanow dabarada eden çykyşynda Dubaý şäherindäki Baş konsullygynyň açylmagynyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklaryna uly goşant goşjakdygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdi.
Bu çärä gatnaşan ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bin Ibragim Al Haşimi, BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezident işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan we BAE-niň daşary işler boýunça döwlet ministri Anwar Mohammed Gargaş bilen duşuşdylar. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.