27-28-nji no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Te­lea­ra­gat­na­şyk, te­le­met­ri­ýa, ha­bar be­riş til­si­mat­la­ry­nyň we te­le­ra­dio­ýaý­ra­dyş en­jam­la­ry­nyň “Türk­men­tel – 2019” at­ly XII hal­ka­ra ser­gi­si we yl­my mas­la­ha­ty üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Dün­ýä­niň teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň ösüş­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­ýan ser­gi Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa mi­nistr­li­gi­niň “Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi hem-de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan gu­ral­dy. Türk­men ara­gat­na­şyk kär­ha­na­la­ry we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Slo­we­ni­ýa­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Mo­na­ko­nyň, Be­la­ru­syň, Öz­be­gis­ta­nyň, Fran­si­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry öz önüm­le­ri­ni gör­kez­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da in­for­ma­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Bar­ha ös­ýän mag­lu­mat kom­mu­ni­ka­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ma­gyn­da mö­hüm iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. No­bat­da­ky ser­gi hem bu ul­gam­da öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga we hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňelt­mä­ge oňyn müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Biz hem ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň bir­nä­çe­si bi­len söh­bet­deş bol­duk.

Ke­rim NUR­GEL­DI­ÝEW,
“Türk­men­te­le­kom” Elekt­rik ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň In­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bö­lü­mi­niň baş prog­ram­mis­ti:
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len äh­li pu­dak­lar­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, ýa­şa­ýyş-dur­muş mak­sat­ly pu­dak­lar­da san­ly ul­ga­ma ge­çil­ýär. En­çe­me ýyl bä­ri yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän bu gün­ki hal­ka­ra ser­gi­sin­de ýur­du­my­zyň mag­lu­mat – teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da ga­za­nan ösüş­le­ri aý­dyň şöh­le­len­ýär. Gö­nü­den-gö­ni öz ug­ru­my­za de­giş­li bo­lan bu ser­gä biz tä­ze “On­li­ne teh­nik” at­ly ul­ga­my­myz bi­len gel­dik. Hä­zir­ki wagt­da bu ul­gam ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da or­naş­dy­ryl­dy we ka­gyz do­la­ny­şy­gy­ny do­ly ara­dan aýyr­dyk.

Mak­sim KRE­TOW,
“Dog­ru­lyk” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­to­ry:
Pu­dak­la­ýyn ge­çi­ril­ýän ser­gi­de biz howp­suz­lyk ul­ga­myn­da ula­nyl­ýan wi­deo­gö­zeg­çi­lik, go­rag­ly­lyk ka­me­ra­la­ry, ýan­gyn howp­suz­lyk duý­du­ry­jy­la­ry­ny, elekt­ron no­ba­ta go­ýuş hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän en­jam­la­ry ge­tir­dik. Bi­ziň kom­pa­ni­ýa­myz wi­deo-gö­zeg­çi­lik ka­me­ra­la­ry­ny, ýan­gyn howp­suz­lyk ul­ga­myn­da ula­nyl­ýan en­jam­la­ry ön­dür­mek­de öň­de­ba­ry­jy ha­tar­da dur­ýan “Axis com­mu­nications” şwed kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we “Cofem” ital­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri­ni ge­ti­rip, Türk­me­nis­tan­da howp­suz­lyk ul­ga­my­nyň in­teg­ra­si­ýa­sy bi­len meş­gul­lan­ýar. 2013-nji ýyl­dan bä­ri türk­men ba­za­ry­na bu ul­gam­da köp en­jam­la­ry ýer­leş­dir­dik. Bu ge­zek­ki ser­gä elekt­ron res­mi­na­ma­la­ry, pas­port­lar, sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­la­ry­ny ge­tir­dik.

Wa­dim BE­LO­US­SOW,
“In­fi­ne­ra” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li:
“In­fi­ne­ra” kom­pa­ni­ýa­sy mag­lu­mat tor alyş-çal­şy­gy bo­ýun­ça te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň “Türk­men­te­le­kom” elekt­rik ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk sak­la­ýa­rys. Dün­ýä bel­li ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy bol­mak bi­len “In­fi­ne­ra” GDA ýurt­la­ry­nyň ba­zar­la­ryn­da hem öz önüm­le­ri bi­len iş­jeň he­re­ket ed­ýär. Ser­gi­de tä­ze en­jam­la­ry­my­zy, ýag­ny op­ti­ki sü­ýüm­li ge­çi­ri­ji­le­re ni­ýet­le­nen önüm­le­ri gör­kez­dik.

La­çyn Ber­di­my­ra­do­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň DIM-niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.