Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni döw­re­bap de­re­je­de öz­gert­mek ba­bat­da köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len iri tas­la­ma­lar amal edil­ýär. Şeý­le tas­la­ma­la­ryň bi­ri hem Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­dir.

Ýa­ňy-ýa­kyn­da, mil­li Li­de­ri­miz bu mer­ke­ziň dö­re­dil­jek ýe­rin­dä­ki gur­lu­şy­gyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­na gi­riş­mek ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de dö­re­dil­jek tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy we ze­rur dü­zü­mi eme­le ge­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe we­zi­pe­ler, şeý­le hem gur­lu­şy­gy ta­mam­la­ma­gyň möh­let­le­ri kes­git­len­di. Şu ýy­lyň mart we aw­gust aý­la­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li Ka­rar­la­ra gol çek­di. Ola­ra la­ýyk­lyk­da, Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­ny tap­gyr­la­ýyn esas­da, has ta­ky­gy, onuň bi­rin­ji tap­gy­ry­ny 2019-2021-nji ýyl­lar­da, ikin­ji tap­gy­ry­ny bol­sa 2020-2022-nji ýyl­lar­da ama­la aşyr­mak me­ýil­leş­di­ril­di.
Bu ýer­de ýur­du­my­zyň hu­su­sy gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­nyň bu­ýur­ma­la­ry esa­syn­da de­giş­li kär­ha­na­la­ry we se­na­gat top­lum­la­ry­ny, tä­ze nus­ga­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny bi­na eder­ler. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 68-si, eda­ra bi­na­la­ry­nyň 8-si gur­lar. Döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zin­de or­ta mek­dep­le­riniň 4-si, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň 10-sy, ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 131-si we 47 sa­ny eda­ra bi­na­sy gur­lar.
Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de je­mi des­ga­la­ryň 76-sy, şol san­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 68-si, eda­ra bi­na­la­ry­nyň bol­sa 8-si gur­lup ulan­ma­ga ber­ler. Tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da je­mi 192 des­ga bi­na edi­ler. Ola­ryň 131-si­niň äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­dy­gy­ny, 61-si­niň bol­sa eda­ra-kär­ha­na­la­ryň bi­na­la­ry­dy­gy­ny bel­le­me­li. Şeý­le hem bu ýer­de kot­tej­le­riň hem uly top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.

Sahypjemal MÄMMETDURDYÝEWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.