Russiýanyň ilkinji elektrik togy bilen işleýän awtoulagy 2020-nji ýylda satuwa çykarylar. “Zetta” kysymly ulagyň bahasynyň 6 müň 440 ýewro barabar bolmagyna garaşylýar. Russiýanyň senagat we söwda ministri Denis Manturow bu barada eden çykyşynda 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde elektrik togy bilen işleýän ulagyň önümçiligine başlanjakdygyny belledi. Üç gapyly, uzynlygy 3 metre deň bolan ulagyň tizligi, sagatda 120 kilometre barabar bolar. Ol bir gezek doldurylan zarýady bilen 560 kilometr ýol geçer. Ulagyň işlenilip düzülmegi üçin 3 ýyl sarp edilip, bu taslama 450 million rubl maýa goýuldy. Ulagyň ähli bölekleri Russiýada öndürilip, diňe akkumulýatory Hytaýda öndürilýär. Şeýle awtoulaglary öndürmek üçin Tolýatti şäherinde ýörite zawod guruldy.
Häzirki wagtda Russiýada elektrik togy bilen işleýän ulagdan peýdalanýanlaryň sany köp däl. Bu görkeziji birnäçe müňe barabardyr. Bilermenler geljek ýyllarda bu görkezijiniň uly ösüşe eýe boljakdygyny belleýärler. “PricewaterhouseCoopers” maslahat beriş kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda elektromobilleriň ortaça ösüş depgini 30 göterime deň bolar. Ýurduň paýtagty Moskwada bolsa, bu görkezijiniň 60 göterime deň bolmagyna garaşylýar.
Perhat ESENGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.