Dünýä belli “iPhone” telefonlary Hindistanda hem öndürilip başlandy. Bu barada ýurduň elektronika we maglumat tehnologiýa ministri Rawi Şankar Prasad habar berdi. Ministriň aýtmagyna görä, Hindistanda ilkinji “iPhone” telefonunyň öndürilendigini mälim etdi.
– Şu gün örän gowy gün. “Hindistanda öndürildi” nyşanly dünýä belli “iPhone” telefony öndürildi – diýip ministr belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu önümçiligiň eksporty ýurduň ykdysadyýetine 1,6 milliard dollar girdeji gazandyrar. “Apple” kompaniýasy “iPhone XR” kysymly smartfonyny Hindistandaky “Foxconn” zawodynda öndürdi. Bu telefonlar diňe içerki bazarda däl, eýsem Ýewropa ýurtlaryna hem satylar. Kompaniýa geljekde “iPhone 11” kysymly telefonyň belli bir bölegini Hindistanda öndürmegi meýilleşdirýär.
“Apple” kompaniýasyna gerekli bolan elektron enjamlaryny esasy üpjün ediji Finlýandiýanyň “Salcomp” şereketi Hindistanyň Çennaý şäherindäki “Nokia” kompaniýasynyň zawodyny 30 million dollara satyn aldy. Indiki ýylyň mart aýyndan bu ýerde önümçilige girişer. “Salcomp” kompaniýasy öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda telefonyň zarýad enjamy we beýleki gurluşlary öndürmek üçin 20 milliard rupiýa (278,67 million dollar) möçberinde maýa goýar.
Gülşat Tagandurdyýewa,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gumdag şäher geňeşiniň başlygy.