Türk­me­nis­tan­da no­bat­da­ky ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul ediş möw­sü­mi ta­mam­lan­dy. In­di sy­nag döw­ri baş­lan­ýar. Ýur­du­my­zyň äh­li ýo­ka­ry we or­ta hü­när mek­dep­le­ri­ne my­na­syp da­laş­gär­le­ri saý­la­nar. Olar ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ga­py­la­ryn­dan ät­läp, öz saý­lan hü­när­le­ri bo­ýun­ça kä­mil bi­lim alyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da di­ňe öňe bar­ýan ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga go­şant go­şar­lar.
2016-2017-nji tä­ze okuw ýy­lyn­da tä­ze ugur­lar bo­ýun­ça, esa­san hem, tö­leg­li esas­da okuw­lar gi­ri­zi­ler. Bu tä­ze­lik­ler Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li sport we sy­ýa­hat­çy­lyk, Türk­men döw­let ma­li­ýe we do­lan­dy­ryş, Türk­me­nis­ta­nyň döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tut­la­ryn­da we Hal­ka­ra ne­bit-gaz uni­wer­si­te­tin­de gi­ri­zi­ler.
Şeý­le hem 2016-2017-nji tä­ze okuw ýy­lyn­da Hal­ka­ra türk­men-türk uni­wer­si­te­ti­niň ba­za­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­ öz işi­ne baş­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny esa­syn­da bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi ylym, bi­lim, yk­dy­sa­dy­ýet ul­gam­la­ry üçin hi­mi­ýa, bio­teh­no­lo­gi­ýa, me­tal­lur­gi­ýa, ma­şyn-­gur­lu­şyk, me­tal­la­ry tä­ze­den iş­le­mek, na­no­teh­no­lo­gi­ýa­lar, na­no­ma­te­ri­al­lar, te­bi­gy ylym­lar, in­for­ma­ti­ka we ha­sap teh­ni­ka­sy, aw­to­mat­laş­dyr­mak we do­lan­dy­ryş, elekt­ro­ni­ka, ra­dio­teh­ni­ka we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry üçin ök­de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­magy göz öňün­de tut­ýar. Umu­man ala­nyň­da, okuw on bir ugur bo­ýun­ça hü­när­men­le­ri taý­ýar­lar.
Uni­wer­si­tet­de be­ril­ýän hü­när­le­riň we okuw ders­le­ri­niň ýur­du­myz üçin tä­ze­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, bu ugur­lar bo­ýun­ça okat­mak üçin dün­ýä bel­li ta­ny­mal ýa­po­ni­ýa­ly pro­fes­sor mu­gal­lym­lar we alym­lar ça­gy­ryl­ýar. Uni­wer­si­tet­de dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ga­bat gel­ýän ba­ka­law­ri­at, ma­gist­ra­tu­ra we dok­to­ran­tu­ra ul­ga­my ula­nyl­ýar. Ba­ka­lawr­lyk oku­wy­nyň möh­le­ti 4 ýyl, ma­gist­ra­tu­ra 2 ýyl, dok­to­ran­tu­ra – 3 ýyl­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy ýer­le­şi­şi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tu­tup, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti di­ňe bir Or­ta Azi­ýa­da däl, eý­sem, in­že­ner­lik, teh­no­lo­gi­ýa­lar, in­no­wa­si­ýa­lar we yk­dy­sa­dy ylym­lar ba­bat­da bü­tin dün­ýä­de bäs­le­şi­ge ukyp­ly, öň­de­ba­ry­jy bi­lim we ylym oja­gy bo­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner- teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň dö­re­dil­me­gi bi­len ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryny ýo­ka­ry de­re­je­li in­že­ner­ler we teh­no­log­lar bi­len üp­jün et­mä­ge, döw­re­bap tä­ze se­na­gat­la­ry dö­ret­mä­ge, ýur­du­my­zyň çig mal se­riş­de­le­ri­ni re­je­li ulan­ma­ga we bäs­le­şi­ge giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­ret­jek­di­gi ikuç­syz­dyr.
Mun­dan baş­ga-da hö­kü­me­ta­ra yla­la­şyk­la­ryň çäk­le­rin­de türk­men ýaş­la­ry da­şa­ry ýurt­la­ryň ab­raý­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne her ýyl bi­lim al­ma­ga ibe­ril­ýär. Olar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li ugur­la­ry­na ze­rur bo­lan hü­när­ler bo­ýun­ça hü­när al­ýar­lar. Türk­men ýaş­la­ry ABŞ-nyň, Hy­ta­ýyň, Rus­si­ýa­nyň, Be­la­ru­suň, Tür­ki­ýä­niň, Ru­my­ni­ýa­nyň, Ma­laý­zi­ýa­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň uni­wer­si­tet­le­rin­de bi­lim al­ýar­lar.