Hytaý kompaniýasy “Xiaomi” özüniň “Mi QiCYCLE Electric Folding Bike” diýlip atlandyrylan eplenýän “akylly” elektrowelosipedini hödürledi. Onuň 14,5 kilogram agramy bolup, 250- watt we 36 woltlyk motor bilen abzallaşdyrylan. Mundan başga-da, welosiped bort kompýuterine maglumatlary ýygnamaga we olary enjamyň “Bluetooth”-a birikdirilen programmasynyň kömegi bilen şekillendirmäge mümkinçilik berýän datçikler toplumy bilen enjamlaşdyrylan.
Şeýle hem bort kompýuteri elektrik hereketlendirijisiniň dört düzgüniniň arasynda ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
Enjam 20 batareýadan ybarat bolan akkumulýator bilen işleýär. Welosipediň doly zarýad berlen akkumulýatorynda sagatda 20 kilometre çenli tizlik bilen 45 kilometre çenli ýoly külterläp bolýar. Şunuň bilen birlikde, zarýad bermek üçin 3 sagat wagt gerek. Bu welosiped başlangyç tapgyrda üç müň hytaý ýuany bilen Hytaýyň çäklerinde satylar. Welosipediň başga ýurtlarda meýilleşdirilýän satuwy barada heniz habar berilmeýär. Mundan ozal, “Xiaomi” kompaniýasy sagatda 18 kilometre çenli tizlik bilen 30 kilometr geçip bilýän “Ninebot mini” atly welosipedi hödürläpdi.