Mu­ze­ýe, ser­gä, ta­ry­hy ýer­le­re ba­ryp gör­ýän we sport bi­len meş­gul­lan­ýan adam­la­ryň mu­ny et­me­ýän­ler bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, öz dur­mu­şyn­dan ho­şal­dy­gy bel­li bol­dy. Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Not­ting Trent uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri 4000 ada­myň dur­muş ýö­rel­ge­si­ni sel­je­rip, şeý­le ne­ti­jä gel­di­ler.
Sy­na­ga gat­na­şy­jy­lar­dan öz dur­mu­şyn­dan we işin­den ra­zy­ly­gy ýa-da däl­di­gi so­ral­dy. Hü­när­men­ler meý­le­tin­çi­le­riň bagt­ly­lyk de­re­je­si­ne ba­ha ber­di­ler. Gat­na­şy­jy­lar sport bi­len nä­çe­räk meş­gul­la­nyş­la­ry, mu­zeý­le­re, kar­ti­na ga­la­re­ýa­la­ry­na, kon­sert­le­re nä­çe wagt­dan bar­ýan­dyk­la­ry we saz gu­ral­la­ry­ny ça­lyş­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar sun­ga­ta we spor­ta wag­ty­ny sarp edýän iş­jeň meý­le­tin­çi­le­riň beý­le­ki­ler­den bagt­ly­dy­gy­ny gör­kez­di.
Dür­li çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­ýan, şeý­le hem is­len­dik bir saz gu­ra­ly­ny çal­ýan adam­lar dur­mu­şyn­dan has-da ra­zy eken­ler. Şeý­le hem ta­ry­hy ýer­le­re we mu­zeý­le­re ba­ryp gör­ýän meý­le­tin­çi­ler mu­ny et­me­ýän­le­re ga­ra­nyň­da, bagt­ly bo­lup çyk­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň, ed­ýän işiň­den ka­na­gat­lan­ma tap­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi anyk­la­nyl­dy.