Uçar önümçiliginde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hasaplanylýan “Airbus” dünýäniň ilkinji gibrid ýolagçy uçaryny öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Giý Fori habar berdi.
Ol: “Biziň maksadymyz dünýäniň ilkinji az emmisiýaly ýolagçy uçaryny öndürmekden ybaratdyr” – diýip belledi. Kompaniýa 2035-nji ýyla çenli gibrid elektrik hereketlendirijiden ybarat bolan uçaryň uçuşyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. “Airbus” howany az hapalaýan uçarlary öndürmekde öňdebaryjy orny eýelemegi maksat edinýär. Munuň üçin köp işleri durmuşa geçirmek hem-de köp möçberde maýa goýum özleşdirmek zerur bolup durýar.