Beýleki ne­şir­ler bi­len bir ha­tar­da “Za­man-Türk­me­nis­tan” ga­zet­ini uly hö­wes bi­len oka­ýa­ryn. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän asyl­ly içe­ri hem da­şa­ry sy­ýa­sat­y ba­ra­da dö­wür­le­ýin ne­şir­ler ar­ka­ly yzy­gi­der­li ta­nyş­ýa­rys. 40 ýy­la go­laý wagt­lyk mu­gal­lym­çy­lyk tej­ri­bäm­de dö­wür­le­ýin ne­şir­ler me­niň iň ýa­kyn he­ma­ýat­çy­la­rym bo­lup gel­ýär. 2020-nji ýy­lyň bi­rin­ji ýa­rym ýyl­ly­gy­na abu­na ýa­zy­ly­şy­gy­nyň gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýän döw­rün­de “Za­man-Türk­me­nis­tan” ga­ze­tin­de çap edil­ýän gy­zyk­ly, geň, tä­sin ma­ka­la­lar, ro­wa­ýat­lar, ylym we teh­no­lo­gi­ýa­lar ba­ra­da­ky tä­ze mag­lu­mat­lar, me­de­ni­ýet, sun­gat, sport, sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim ha­kyn­da dür­li çy­kyş­lar köp zat­lar­dan ha­bar­ly bol­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Wa­tan was­py, ede­bi­ýat, sport sa­hy­pa­la­ryn­da­ky ma­ka­la­lar bi­len maş­ga­la­myz bo­lup ta­nyş­ýa­rys, ça­ga­lar sa­hy­pa­syn­da­ky ta­pa­wut­ly su­rat­la­ry, su­rat çek­me­giň nus­ga­la­ry­ny, la­bi­rint çyz­gy­la­ry­ny, kross­word­la­ry ça­ga­la­rym, ag­tyk­la­rym bi­len bi­le­je he­zil edip çöz­ýä­ris, te­bi­ga­ty­myz­da ga­bat gel­ýän ösüm­lik, haý­wan­at dün­ýä­sin­dä­ki ge­og­ra­fik tä­sin­lik­ler, eşi­dil­me­dik geň-taň­lyk­la­r ba­ra­da­ky ha­bar­la­ry okap, ki­no to­ma­şa eden ýa­ly sy­ýa­ha­ty baş­dan ge­çir­ýär­siň.

Nar­gül Uma­ro­wa,
Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly
şä­he­ri­ndäki 9-njy or­ta mek­de­bi­ň
mu­gal­ly­my.