Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belledi. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.
Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birinde dikeldilen hem-de ata Watanymyzyň parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan beýik binanyň öňüne paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary hem-de daşary ýurtly myhmanlar ýygnandylar.
Hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de milletiň gadymy ruhy gymmatlyklaryna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanmak bilen, bu strategiýa eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de türkmenistanlylaryň abadan durmuşynyň ygtybarly kepiline öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän, giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen hem-de tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän syýasy ugry Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işiniň üstünlige eýe bolmagyny üpjün etdi.
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Milli Liderimiz dabaraly ýagdaýda beýik binanyň etegine gül goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň yzysüre Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we dabara gatnaşyjylar gül goýdular.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkyna baýramçylyk Gutlagynda belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň taryhyna örän möhüm syýasy seneleriň biri hökmünde ýazyldy. Mundan ýigrimi dört ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu gysga taryhy döwrüň içinde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygynyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny hem-de ugurlaryny kemala getirmek babatynda gymmatly tejribeleri toplady. Eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji bitarap döwlet bolandygyny nazara alsaň, bu waka dünýä diplomatiýasy üçin möhüm wakalaryň birine öwrüldi.
Ýurdumyzyň seçip alan daşary syýasy strategiýasynyň nusgasy türkmen halkynyň özboluşlylygyna, onuň gadymdan gelýän parasatly däplerine hem-de anyk ýagdaýa laýyk gelýär. Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan özüni parahatçylyk dörediji döwlet hem-de Milletler Bileleşiginiň strategiki hyzmatdaşy hökmünde ykrar etdirip, bu belent ady anyk ädimleri bilen berkitdi.
2007-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Bu ýöriteleşdirilen düzümiň döredilmegi Türkmenistan-BMG gatnaşyklarynda hil taýdan täze waka öwrüldi. Şu geçen döwürde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi işjeň iş alyp barmak bilen, döwletleriň arasyndaky özara düşünişmegi, ynanyşmagy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, “Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjeleri biri-birinden aýrylmazdyr”. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli kuwwatynyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Özüni sebit hem-de dünýä möçberinde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde görkezen türkmen bitaraplygynyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamada – 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamada ýene-de bir gezek ählumumy ykrarnamasyna eýe boldy.
Bu gün Türkmenistanyň Bitaraplygynyň häzirki döwrüň örän möhüm meseleleri boýunça umumy ykrar edilen gepleşikler meýdançasyna öwrülendigini ynamly aýtmak bolar. Türkmen döwletiniň üýtgewsiz ýörelgesi halkara işlerindäki jedelli meseleleri hem-de gapma-garşylyklary diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine netijeli kömek we goldaw bermek boýunça yzygiderli ädýän ädimleri oňyn bitaraplyk strategiýasynyň maksadaokgunly hem-de netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, Türkmen döwletiniň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik daşary syýasy ugry diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň uzakmöhletli maksatlaryna, ähmiýetini ýitirmeýän umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan ölçeglere, dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky çemeleşmelere, halkara gatnaşyklarynyň esaslary hökmünde BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna laýyk gelýändigini görkezýär.
Ýetip gelýän 2020-nji ýylyň hem möhüm waka beslenjekdigi bellärliklidir. Öňümizdäki ýylda Watanymyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy bellenip geçiler. Ýokary guramaçylyk derejesinde belleniljek bu şanly senä taýýarlyk görmek işleri eýýäm badalga aldy.
Umuman, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesini yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy işlere has işjeň gatnaşyp, parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
* * *
Şol gün Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirildi. Şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konserti boldy.