Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan halylar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu hoş habar Kolumbiýanyň Bogota şäherinden gelip gowuşdy. Bu şäherde 9-14-nji dekabr aralygynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň Maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky Hökümetara Komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Şol mejlisde “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” goşmak üçin Türkmenistan tarapyndan hödürlenen “Türkmenistanda milli türkmen halyçylyk sungatynyň” resminamalaryna seredildi.
12-nji dekabrda türkmen halylaryna berlen halkara derejesindäki hormat we sylag özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Sebäbi Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçdi. Şanly baýramçylygyň bellenýän günlerinde ÝUNESKO-nyň degişli edarasy tarapyndan türkmen halylarynyň umumadamzat ähmiýeti babatda karar kabul etmegi türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenistanyň hödürlän resminamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny gorap saklamak baradaky Hökümetara Komitetiniň degişli topary tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, haly türkmeniň kalbydyr. Çünki öçmez-ýitmez öwüşginlikleriň we baý nepisligiň sazlaşygy bilen haýrana goýýan bu ajaýyp sungat eserlerinde milletimiziň iň oňat sypatlary, dünýägaraýşy we ruhy dünýäsi öz aýdyň beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde halkymyzyň milli mirasynyň çuňňur öwrenilmegi, el haly işlerindäki gadymy gymmatlyklaryň aýawly saklanylmagy döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.