Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar hem-de bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda irginsiz aladalar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan we sebitleri senagatlaşdyrmaga, toplumlaýyn ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksportuň ugurlarynyň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şolaryň netijesinde, ýurdumyzda durmuş maksatly binalar hem-de azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin dürli önümçilikler döredilýär. Şanly baýramçylyga bagyşlanyp, ulanylmaga berlen şeýle desgalaryň birnäçeleriniň hem sanawy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda hassahana, Kaka hem-de Gökdepe etraplarynda döwrebap ýyladyşhanalar açyldy. Aşgabatda Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaý toýlary tutuldy. Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýy, Balkanabat şäherinde ähli amatlyklary bolan iki sany üç we dört otagly ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Türkmenabatda täze jaý eýelerine 3 sany täze 4 gatly, her biri 24 hojalyga niýetlenen oňaýly öýleriň açarlary gowşuryldy. Mary şäheriniň Aga Hanjaýew köçesiniň ugrunda dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ulanmaga berildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Guwlyduz” kärhanasynda täze önümhana açylyp, onda her ýyl ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 40 müň tonnasy hem-de gerdejik görnüşli tehniki duzuň 2500 tonnasy öndüriler. S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýyladyşhana toplumy ulanylmaga tabşyryldy. Ol 12 gektar ýerde bina edilip, onuň 11 gektary gök ekinleri ýetişdirmäge niýetlenendir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda dürli ugurly täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzyň welaýatlarynda, etrap merkezlerinde, şäherlerde we obalarda döwrebap düzümi döretmegiň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dowam edýän giň gerimli gurluşyklar sebitleriň sazlaşykly ösdürilmegine hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga giň mümkinçilikleri berýär.
Milli Liderimiziň berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada edýän yzygiderli aladasyny her ädimde görmek bolýar. Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan 2020-nji ýyl üçin döwlet býujeti taýýarlandy. Ýurdumyzyň möhüm maliýe resminamasynyň çykdajylarynyň agramly böleginiň durmuş pudagynyň ösdürilmegine we durmuş üpjünçiligi ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet býujetinde giň möçberli milli taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda obalary özgertmek, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly wajyp desgalary gurmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdelerini özleşdirmek göz öňünde tutuldy.
Şeýle hem sebitlerde yzygiderli ýagdaýda gurlup ulanylmaga berilýän önümçilik desgalary hem halkymyzyň azyk önümlerini elýeter bahadan edinmegine şert döredýär. Yzygiderli gurulýan ýyladyşhanalar ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugra hemişe uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň netijesinde, oba hojalyk pudagyny batly depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi, ýurdumyzda haryt öndürijilere döwlet tarapyndan goldawyň berilmegi, bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyna getirdi.
Ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işler il-günümiziň Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny goşalandyrýar.
Dürli ARSLANOWA,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
mugallymy.