Kofe içgisi ABŞ-nyň raýatlarynyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Dünýäniň başga ýerinde amerikalylar ýaly has köp kofe içýän adamlaryň bardygyna göz ýetirmek hem kyn bolsa gerek. Ýöne amerikalylardan hem has köp kofe içýän adamlar bar. Şu ýerde kofe içgisiniň bir ýyldaky jan başyna düşýän görkezijileri boýunça ýurtlaryň sanawy taýýarlanypdyr. Şol sanawda ABŞ ilkinji onluga girmändir. Häzir şol sanawy siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

10. Ka­na­da: jan ba­şy­na 6,5 kg.
Ýurt­da tiz ta­gam mer­kez­le­ri giň­den ýaý­ran­dyr. Şol ýer­ler­de hem müş­de­ri­le­re ko­fe hö­dür­len­ýär. Mun­dan baş­ga-da her şä­her­de ko­fe içil­ýän ýö­ri­te ýer­ler bar. Bu iç­gi ýurt­da al­ko­gol­syz iç­gi­le­riň ara­syn­da has meş­hu­ry­dyr.
9. Lýuk­sem­burg: jan ba­şy­na 6,5 kg.
Lýuk­sem­burg örän ki­çi ýurt­du­gy­na ga­ra­maz­dan, onuň ra­ýat­la­ry ko­fä­ni go­wy gör­ýär­ler. Her ýyl olar or­ta­ça 6,5 ki­log­ram ko­fe iç­ýär­ler. Ýur­duň şä­her­le­rin­de ko­fe­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýän köp san­ly ka­fe­ler bar.
8. Bel­gi­ýa: jan ba­şy­na 6,8 kg.
Bel­gi­ýa ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, il­kin­ji bo­lup göz öňü­ňe şo­ko­lad gel­ýär. Ýö­ne bel­gi­ýaly­lar ko­fe­ni go­wy gör­ýän halk­lar­dan bi­ri­dir. Her bir bel­gi­ýa­ly or­ta­ça bir gün­de 1,35 bul­gur ko­fe iç­ýär.
7. Şweý­sa­ri­ýa: jan ba­şy­na 7,9 kg.
Köp san­ly ýurt­da bi­le­lik­de ko­fe iç­mek esa­sy iş­jeň dur­mu­ş ýörelgeleriniň bi­ri­ne öw­rül­di. Şweý­sa­ri­ýa­ly­lar hem köp­çü­lik­le­ýin ko­fe iç­me­gi ha­la­ýar­lar. Olar her gün or­ta­ça 5 bul­gur ko­fe iç­ýär­ler.
6. Şwe­si­ýa: jan ba­şy­na 8,2 kg.
Şwe­si­ýa­da “fi­ka” diý­len dü­şün­je bar. Ol hem “ko­fe iç­mek” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Şo­nuň üçin şwed­ler bu iç­gi­ni ha­la­ýar­lar. Ony ýe­ke­lik­de ýa-da köp­çü­lik­le­ýin iç­mek gün­de­lik dur­mu­şyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.
5. Gol­lan­di­ýa: jan ba­şy­na 8,4 kg.
1616-njy ýyl­da Gol­lan­di­ýa ko­fe aga­jy­na eýe bo­lan il­kin­ji Ýew­ro­pa ýur­du­dyr. Ony Ýe­men­den ge­ti­rip­dir­ler. Şo­nuň üçin bu ýurt­da-da ko­fe iç­me­gi ha­la­ýan­la­ryň sa­ny az däl. Ams­ter­dam şä­he­rin­de ko­fe iň meş­hur iç­gi­le­riň bi­ri­dir.
4. Da­ni­ýa: jan ba­şy­na 8,7 kg.
Bu ýur­duň ra­ýat­la­ry her gün or­ta­ça 1,46 bul­gur ko­fe iç­ýär­ler. Beý­le­ki Skan­di­naw ýurt­la­ry ýa­ly, Da­ni­ýa­da hem köp­çü­lik­le­ýin ko­fe iç­mek asyl­ly ýö­rel­ge­dir. Ýö­ne ko­fe­niň bu ýurt­da gym­mat­dy­gy­ny hem bel­le­mek ge­rek.
3. Is­lan­di­ýa: jan ba­şy­na 9 kg.
Bu ýurt­da ko­fe bo­lan söý­gi ho­wanyň köp­lenç so­wuk bol­ma­gyn­dan bol­sa ge­rek. Islandiýalylar her gün or­ta­ça 5 bul­gur ko­fe içýärler.
2. Nor­we­gi­ýa: jan ba­şy­na 9,9 kg.
Beý­le­ki Ýew­ro­pa ýurt­la­ry ýa­ly, Nor­we­gi­ýa­da hem ko­fe XVIII asyr­da uly meş­hur­ly­ga eýe bol­dy. Bu ýur­duň ra­ýat­la­ry ko­fe­ni adat­ça, er­tir­lik­de ýa-da gü­nor­tan­lyk na­har­dan soň süý­jü­li­giň ýe­ri­ne iç­ýär­ler. Nor­weg­ler her gün or­ta­ça 2 bul­gur ko­fe iç­ýär­ler.
1. Finl­ýan­di­ýa: jan ba­şy­na 12 kg.
Fin­ler gü­nüň do­wa­myn­da ko­fe iç­ýär­ler. Olar iş wag­tyn­da­ky ara­kes­me­ler­de ko­fe içip, ýa­ny bi­len dür­li süý­jül­ik­le­ri iý­ýär­ler. Bu ýurt­da ko­fe iç­me­giň ga­dy­my däp­le­ri sak­la­nyp ga­lyp­dyr.

Ogul­nur IS­GEN­DE­RO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.