Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän dünýäniň ilkinji gidrouçary uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada “Harbour Air Seaplanes” awiakompaniýasy habar berdi. Bu uçuş iki kompaniýanyň bilelikdäki tagallalary bilen mümkin boldy. Olar Demirgazyk Amerikanyň iri gidrouçarlary öndürýän “Harbour Air” hem-de awiasiýa ulgamy üçin tehnologiýalary öndürýän “MagniX” kompaniýalarydyr.
“Havilland Canada DHC-2 Beaver” atly 6 adamlyk gidrouçar 750 at güýjüne eýe bolan “magni500” hereketlendirijisine eýedir. Bu taryhy uçuş awiasiýa ulgamynda üçünji eýýamyň başlanandygyny görkezýär.
– Biz bu gün taryha girdik – diýip, “Harbour Air Seaplanes” awiakompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Greg Makdugall gürrüň berdi.
Şu ýylyň dowamynda “Harbour Air Seaplanes” awiakompaniýasy “MagniX” kompaniýasy bilen elektrik togy bilen işleýän söwda maksatly gidrouçary öndürmek babatda hyzmatdaşlyk etjekdigini mälim edipdi. Uçaryň “magni500” hereketlendirijisi Fransiýanyň Pariž şäherinde iýun aýynda geçirilen awiasiýa sergisinde görkezilipdi.
Begenç HEBIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.