2019-njy ýylda Latyn Amerikasy ýurtlarynda däneli ekinlerden ýokary görkezijiler gazanyldy. Sebitde 276,5 million tonna hasyl ýygnalyp, bu görkeziji soňky 5 ýylda rekord dereje boldy.
BMG-niň Azyk we oba hojalygy edarasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, Latyn Amerikasy we Karib deňzi kenaryndaky ýurtlaryň däne ekinleriniň hasyly 276,5 million tonna barabar bolup, soňky 5 ýylyň ortaça görkezijisinden 14 göterim köp boldy. Bu ýokary derejedäki netije Günorta Amerika sebitinde mekgejöweniň köp hasylynyň ýygnalmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Bu görkeziji 169,5 million tonna deň bolup, soňky 5 ýylyň ortaça görkezijisinden 26 göterim artykdyr. Bu sebitde bugdaýyň hasyly 28,2 million tonna deň boldy.
FAO-nyň maglumatlaryna laýyklykda, Braziliýada we Argentinada köp mukdarda mekgejöwen öndürilip, bu görkezijiler degişlilikde 100 million tonna we 57 million tonna barabar boldy. Bu iki ýurduň mekgejöwen eksporty hem ýokarydyr. Şeýle hem Meksikada bugdaý ýetişdirmekde soňky ýyllaryň iň gowy netijesi gazanyldy. Bu ýurtdaky bugdaý hasylynyň möçberi 3,3 million tonna deň boldy, mundan başga-da sebitiň mekgejöwen önümçiliginiň 85 göterimi (29,8 million tonna) bu ýurtda öndürildi.
Serdar BÄŞIMOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.