Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede
hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly
durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen
bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.
Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid
Meredow gol çekdi.
BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky
hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi.
Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu
ugurda BMG-niň düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça
işleri alyp barmagy göz öňünde tutulýar.
Taslama Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň milli derejede
Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen
bilelikdäki işleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan global Durnukly ösüş
maksatlaryny hökümet derejesinde kabul eden ilkinji ýurtlaryň biridir.
Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlary Türkmenistanyň milli syýasatynda
düýpli ornaşdyrylandyr we häzirki wagtda DÖM-nyň köp meseleleri
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli we pudaklaýyn maksatnamalarda
öz beýanyny tapdy.
Gol çekilen bilelikdäki maksatnama Türkmenistanyň döwlet
edaralary we jemgyýetçilik guramlary bilen BMG-niň degişli
edaralarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde
hukuk esasyny döreder.