Şu hepdäniň dowamynda paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilhanasynda suw-energetika serişdelerini netijeli peýdalanmak işinde täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ulanylmagyna bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty geçirildi.
Şeý­le hem Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Aral deň­zi­niň se­bi­tin­dä­ki ýurt­lar üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di.
Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Se­bi­tiň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň, şol san­da suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak hem-de oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak bi­len bag­ly der­wa­ýys me­se­le­le­riň çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça anyk we ne­ti­je­li çä­re­ler gö­rül­ýär.
Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len du­şu­şyk Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň ge­çen ýyl ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len sam­mi­ti­niň jem­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma­sy­na hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 2018-2019-njy ýyl­lar­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Ara­ly ha­las et­me­giň hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk” ha­kyn­da ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gu­ral­dy.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­sy bi­len ma­kul­la­nan, Aral deň­zi­niň se­bi­ti­niň ýurt­la­ry üçin BMG-niň gel­jek­ki Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­nyň gör­nü­şi­ni we maz­mu­ny­ny kes­git­le­mek üçin ge­çi­ril­ýän hä­zir­ki köp­ta­rap­la­ýyn ge­ňeş­me­ler deň­ziň gu­ra­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li hal­ka­ra gu­ra­ly dö­ret­me­giň ýo­lun­da ýe­ne bir anyk çä­re bol­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak we do­lan­dyr­mak, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak, şeý­le hem bu ugur­lar­da anyk çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak we dur­mu­şa ge­çir­mek ýa­ly döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­di. Şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­lar we ma­li­ýe ins­ti­tut­la­ry bi­len bir­lik­de, Aral deň­zi­niň se­bi­tin­de we beý­le­ki ýer­ler­de suw ho­ja­lyk, eko­lo­gi­ýa hem dur­muş-yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ry go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­la­ryň we mak­sat­na­ma­la­ryň ama­la aşy­ry­ly­şy­na se­re­dil­di.