Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermeginde ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik kuwwatyny amala aşyrmagy, ukyplaryny açyp görkezmegi üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň aýdym-saza bolan höwesiniň hem-de başarnyklarynyň açylyp görkezilmegi üçin ýurdumyzda dürli bäsleşikler geçirilýär. Şol bäsleşikleriň biri hem ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigidir.
Golaýda “Ýylyň parlak ýyldyzy-2019” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ol baýramçylyk çäreleriniň Täze ýylyň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi.
Birnäçe tapgyrda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji bölegine ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy çykdy. Olaryň çykyşlaryna deslapky saýlama tapgyryň barşynda teletomaşaçylaryň hem-de radiodiňleýjileriň has köp bölegi ses berdi. Bäsleşigiň baş baýragynyň ýeňijisini kesgitlemek üçin “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda jemleýji konsert geçirildi.
“Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralýar. Tomaşaçylaryň SMS habarnamalarynyň üsti bilen iberen sesler sanalyp, bäsleşigiň netijeleri yglan edildi. Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Medeni miras” fakultetiniň “Höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Azat Dönmezow bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji hem-de “Ýylyň parlak ýyldyzy-2019” diýen adyň eýesi boldy. Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” kubogy hem-de höweslendiriji pul sylagy gowşuryldy.
Baş baýrakdan başga-da, birinji, ikinji we üçünji orunlar hem göz öňünde tutuldy, bu orunlary, degişlilikde, ýaş aýdymçylar Eldar Ahmedow, Rahman Hudaýberdiýew we Seýitguly Tülegenow eýelediler.
Alma Durdyýewa,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň uly mugallymy.