Mälim bolşy ýaly, amerikan-italýan “Fiat Chrysler” awtoulag konserni bilen Fransiýanyň awtoulag ägirdi “Groupe PSA”-nyň birleşjekdigi barada habar beripdik. Häzir bu iki uly firmanyň arasynda degişli ylalaşyk baglaşyldy.
– Dünýäniň iri awtoulag kompaniýalary bilelikde işewürçilik işlerini amala aşyrmak üçin ylalaşyga gol çekdiler.
Olar önümçilik babatda dünýäniň 4-nji, pul dolanyşygy boýunça dünýäniň 3-nji iri şereketi bolar – diýlip, kompaniýalaryň ýaýradan habarnamasynda bellenilip geçilýär. Bu ylalaşygy durmuşa geçirmek işi 12-15 aý wagt alar. Täze birleşme her ýyl 8,7 million awtoulag satmagy meýilleşdirýär. Olaryň umumy girdejisi 170 milliard ýewro, amaly girdejisi 11 milliard ýewro deň bolar.
Birleşmäniň esasy merkezi Gollandiýada bolar. Awtokonserniniň gymmat bahaly kagyzlary Parižiň, Milanyň hem-de Nýu-Ýorkuň biržalarynda ýerleşdiriler. Dolandyryjylar geňeşiniň düzümi balansirlenip, her kompaniýadan 5 adam bolar.
“Toyota”-nyň maksady
10,8 million ulag
Ýaponiýanyň “Toyota” awtoulag kompaniýasy 2020-nji ýylda jemi 10,77 million ulag satmagy meýilleşdirýär. Bu görkeziji şu ýyldaky görkezijiden 10,72 million ulagdan birneme köpräkdir. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň bazarlaryna ýerleniljek awtoulaglaryň hatarynda “Daihatsu Motor” mini awtoulagy we “Hino Motors” ýük ulagy hem bar.
Häzirki wagtda dünýäde “Toyota” kompaniýasy awtoulag söwdasynda dünýäde ikinji orunda durup, ol bu ugurda “Volkswagen” toparyndan yza galýar.
Amangeldi ANNAGURBANOW,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.