Go­laý­da paý­tag­ty­my­zyň “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­sy­nyň mej­lis­ler za­lyn­da “Check Point Soft­wa­re Techno­lo­gi­es Ltd” hyz­mat­daş kom­pa­ni­ýa­nyň gat­naş­ma­gyn­da “Turk­men-Tran­zit” kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ki­ber­howp­suz­lyk bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çi­ril­di. Mas­la­hat­da “Check Point Soft­wa­re Techno­lo­gi­es Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri – teh­ni­ki di­rek­to­ry Alek­sandr Çu­ba­ruk hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa we Ga­za­gys­tan se­bi­ti­niň esa­sy müş­de­ri­le­ri bi­len iş­le­mek bo­ýun­ça me­ne­je­ri Ýer­žan Ka­li­ýew çy­kyş et­di­ler. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ös­me­gi üçin, mag­lu­mat­la­ryň san­ly go­ra­gy­ny üp­jün et­mek ta­lap edil­ýär, hä­zir­ki wagt­da bol­sa ki­ber­howp­suz­lyk bank bol­sun ýa-da su­per­mar­ket bol­sun, is­len­dik gu­ra­ma­nyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de aý­ryl­maz bö­le­gi­dir.
Alek­sandr Çu­ba­ruk “Hä­zir­ki za­man ki­ber­hü­jüm­le­ri bi­len gö­reş inf­rast­ruk­tu­ra­sy” at­ly öz çy­ky­şyn­da ki­ber­howp­la­ryň ösüş di­na­mi­ka­sy bi­len ta­nyş­dyr­dy. Eger 1980-nji ýyl­la­ryň soň­la­ryn­da komp­ýu­ter­ler­de ýaý­ra­ýan wi­rus­lar ki­ber­hü­jüm­le­riň bi­rin­ji nes­li bo­lup çy­kyş ed­ýän bol­sa, eý­ýäm hä­zir­ki wagt­da ki­ber­howp­la­ryň bä­şin­ji nes­li öz hü­jü­mi­ne baş­la­dy, olar­dan go­ran­mak üçin top­lum­la­ýyn çä­re­ler ta­lap edil­ýär. Ýer­žan Ka­li­ýe­wiň çy­ky­şyn­da çyl­şy­rym­ly hü­jüm­ler ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­ýär, şeý­le hü­jüm­ler dün­ýä­de ge­çi­ril­ýän äh­li hü­jüm­ler­den di­ňe 10%-ni tut­ýan hem bol­sa, olar­dan gel­ýän zy­ýan uly ma­ýa go­ýum­ly tu­tuş kor­po­ra­si­ýa­la­ryň dar­ga­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
“Turk­men-Tran­zit” Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de “Check Point Soft­wa­re Techno­lo­gi­es Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň res­mi hyz­mat­da­şy­dyr hem-de ýur­du­my­zyň ba­za­ryn­da IT-howp­suz­ly­gy bo­ýun­ça hä­zir­ki za­man tek­lip­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Tiz­den “Turk­men-Tran­zit” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň res­mi saý­tyn­da ki­ber­howp­suz­lyk ba­ra­da bö­lü­miň dö­re­dil­jek­di­gi ha­bar be­ril­di, bu ýer­de äh­li is­leg bil­dir­ýän­ler özi üçin ze­rur mag­lu­mat­la­ry alyp bi­ler­ler.

Dawud DURDYÝEW,
“Türk­men-Tran­zit” HJ-niň taslamalary
dolandyryjysy.