Täze ýyl baýramçylygy barha golaýlaýar. Bu baýramçylykda birek-birege sowgat etmek asylly däbe öwrüldi. Mundan ozal, amerikalylaryň arasynda baýramçylygyň iň arzyly we islegli sowgatlarynyň biri “iPhone” telefonlarydy. Indi bolsa, ýagdaý üýtgedi. Amerikalylaryň agramly bölegi “Airpods” gulaklygy sowgat almagy isleýärler. Bu barada “Evercore” firmasy habar berýär.
20 bilen 25 ýaş arasyndaky amerikalylaryň arasynda geçirilen pikir soralyşygyň netijesine görä, olaryň 25 göterimi gulaklyk sowgat almagy isleýändigi mälim edildi. Bu gulaklyk soňky döwürde iň bir islegli harytlaryň birine öwrüldi. Pikir soralyşygyna gatnaşan amerikalylaryň 13 göterimi Täze ýylda egin-eşik, 11 göterimi bolsa “iPhone” telefonlaryny sowgat almaga isleg bildirdi.
2018-nji ýylda geçirilen pikir soralyşykda ýetginjekleriň üçden biri “iPhone” telefonyny sowgat almagyň özleri üçin gymmatly boljakdygyny bellediler. “Apple” kompaniýasynyň “AirPods” gulaklygy “The Verge” neşiri hem-de “Time AirPods” žurnaly boýunça geçip barýan onýyllygyň esasy tehnologik enjamynyň arasynda öňdebaryjylaryň hatarynda orun aldy.
Orazgeldi ATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.