Şu günler ýurdumyzyň ähli künjegini Täze ýyl baýramçylygy gurşap aldy. Paýtagtymyz Aşgabat hem-de ýurdumyzyň ähli sebitleri baýramçylyk arçalary we owadan çyralar bilen bezeldi. Şu döwürde baýramçylyk arçasy gurnalanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegi hem unutmazlygy maslahat berýäris. Täze ýyl arçasynyň hakyky ýa-da emeli arçadygyna garamazdan, agaçdan ýa-da demirden edilen esasyň üstünde berkidip oturtmaly. Arçalaryň şahalarynyň jaýyň diwarlaryndan, ýokarky örtüklerden, şeýle-de jaýda bar bolan ýanyjy goşlardan, mebellerden bir metrden az bolmаdyk aradaşlykda bolmagyny üpjün etmeli. Çykalga gapynyň golaý ýerinde arçany oturtmak gadagan edilýär.
Bezeg işleri geçirilen wagtynda şemleri, senetçilik usulynda ýasalan elektrik çyralaryny ulanmak gadagan edilýär. Täze ýyl arçasyny çyralar arkaly bezemäge çagalara rugsat berilmegi howply hasaplanyp gadagan edilýär, sebäbi çagalar elektrik enjamlarynyň gurnalyş, ulanyş düzgünlerine düşünmeýärler. Bezeg çyralarynda ýangyn döremek howpunyň ýokdugyna doly göz ýetirilenden soň, ulanylmagyna rugsat bermeli. Uly adamlaryň gözegçiligi bolmasa, çagalary Täze ýyl arçasynyň golaýynda asla galdyrmak bolmaz. Täze ýyl baýramçylyk arçasynyň golaýynda elektrik, gaz akymy bilen işleýän gyzdyryjy enjamlarynyň goýulmagyna-da ýol bermeli däl. Bir wagtyň özünde birnäçe kuwwatly elektrik togyny sarp ediji enjamlaryň elektrik nokadyna birikdirmek hem örän howpludyr, sebäbi elektrik nokadyna çenden aşa agram düşmegi bilen dürli hadysalaryň ýüze çykmagyna getirmegi mümkin.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň Täze ýyl baýramçylyk arçasy, goý, hemişe öwüşginli bolsun! Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda, goý, mydama asudalyk höküm sürsün! Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Mekan Ataýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 111-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty.